GARAŞSYZLYK – GÖWÜNLERIŇ GANATY

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda bolup geçýän ösüş-özgerişler sanardan kän. «Watan diňe halky bilen Watandyr!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň bu keremli sözleri bu günki gün her bir türkmenistanlynyň göwnüni galkyndyrýar. Biziň ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda özbaşdak döwlet gurmagy, jebislikde, agzybirlikde halal zähmet çekip ýaşamagy arzuw eden halkdyr.

Halkymyzda: «Ýürekden çykan söz ýürege ýeter» diýen paýhasly söz bar. Bizde ýürekden edilen yhlas hem ýürege ýetýär. Bu günki gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň ýurdumyzda uly dabaralara beslenip bellenilýän pursatlarynda ildeşlerimiziň uludan-kiçi ählisiniň kalbynda ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni esaslandyran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan ýürek buýsanjynyň çägi ýok.

     Garaşsyzlyk, türkmen halky bilen bir hatarda ykbalyň emri bilen dünýäniň dürli künjeklerinde mesgen tutan türkmenleriň hem Watan hakyndaky arzuwlaryny hasyl etdi. Garaşsyzlyk ýoluna ynamly hem-de batly gadam basan ýurdumyz döwletli döwrana, eşretli eýýama rowana boldy. Bütin dünýä ykrarnamasyna eýe bolan, döwlet binýadyny berkden tutan halkymyz milli özboluşlylygyna laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini, milli we häzirki zaman ösüşiň gazananlaryny utgaşdyrmak ýoluny saýlap aldy. Garaşsyzlygymyzy alan ilkinji günlerimizden başlap «Açyk gapylar» syýasatyny ýöretmek arkaly, diňe bir sebitara, goňşy ýurtlar bilen däl, dünýäniň beýleki döwletleri bilen hem hoşniýetli we özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň howpsuzlygyny berkitmekde, ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmakda, milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Türkmenistan sarp ediji döwletden dörediji hem-de daşary ýurtlara eksport edip bilýän ýurda öwrüldi. Ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikler we ýeňişler, oňyn özgertmeler we ýetilen sepgitler ýurdumyzyň ýylýazgysyny taryhy ähmiýetli wakalar, şanly seneler bilen şöhratlandyrdy.

     Hormatly Prezidentimiz: «Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur!» diýip, Watanymyzyň başymyzyň täjidigini, onuň iň beýik gymmatlykdygyny we oňa hyzmat etmegiň bagtdygyny nygtaýar. 33 ýyl taryh üçin gysga döwür bolsa-da, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlara barabar işler bitirildi. Bu gün ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan Garaşsyz döwleti berkarar bolup, bagtly döwürde ýaşaýarys. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz dünýä jemgyýetçiligine demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde goşulyp, dünýä giňişliginde mynasyp ornuny tapdy.

     Taryhy geçmişimiz, eşretli geljegimiz Garaşsyzlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ähli ösüş-özgerişlerimiziň gözbaşydyr, gazanýan beýik üstünliklerimiziň gönezligidir, merdana halkymyzyň yhlasly we gujurly zähmetiniň ylham çeşmesidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we onuň gazananlaryny goramak, jemgyýetimiziň asudalygyny we halkymyzyň agzybirligini mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin asylly maksatlary durmuşa geçirmek, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşmak her birimiz üçin raýatlyk borçdur.

 

Sabyrgeldi BEGOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY