DANALARDAN DÜRDÄNELER

Ähli üstünlikleriň başlangyç nokady maksady kesgitlenmekden başlanýar.

Klement Stoun.

 

Eger siz özüňizi haýsydyr bir zada ukyply hasaplaýan bolsaňyz, dogrudyr. Eger başarmaryn diýip pikir etseňiz, siz ýene-de dogry pikirde.

Genri Ford.

 

Ar almagyň iň gowy usuly üstünlik gazanmakdyr.

Frank Sinatra.

 

Başarjagyňa ynanmak – eýýäm ýarty ýoly geçmek diýmekdir.

Teodor Ruzwelt.

 

Ähli kynçylyklar tutanýerlilik we erjellik bilen ýeňilýär.

Leonardo Da Winçi.

 

Gözellik ähli zatda bar, ýöne muny görmek her kime berilmedik.

Konfusiý.

 

Gözellik – seredýäniň gözlerinde.

Oskar Uaýld.

 

Ýa-ha okamaga mynasyp bir zat ýazyň, ýa bolmasa-da ýazmaga mynasyp bolan bir zatlar ediň.

Benjamin Franklin.

 

Beýik işleri etmegiň ýeke-täk usuly öz edýän işiňi söýmekdir.

Stiw Jobs.

 

Eger siz herekete geçmegi ýüregiňize düwen bolsaňyz, şübhe gapysyny ýapyň.

Fridrih Nisşe.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan

Gurban MYRADOW,

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň jogapkär kätibi.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY