Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň dabaraly geçirilmegi halkymyzyň milli däplerimize, demokratik ýörelgelerimize ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrülen bolsa, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan raýatlarymyzyň döredijilikli zähmeti göz öňünde tutulyp döwlet sylaglary, şa serpaýlary bilen sylaglanmagy bagtyýar raýatlarymyzyň abadan durmuşyň hözürini görüp ýaşaýandygyna ýene bir ýola şaýatlyk edýär.
Bilşimiz ýaly, islendik döwletiň halkara hukugynyň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan halkara gatnaşyklarynyň onuň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, milli ykdysady ösüşine, halkyň hal-ýagdaýyna täsir edýän esasy şert bolup çykyş edýändigini dünýä tejribesi tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň oňyn netijesine ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletimiz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dowam etjekdigine bil baglaýar. Şol bir wagtda, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatdaky Gün tertibiniň degişli derejede maliýeleşdirilmegini üpjün etmek meselesiniň üns merkezidne saklanmagy esasy ugur hasaplaýar. Çünki, häzirki wagtda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ählumumy, sebitleýin hem-de milli gurallaryň iş ýüzünde utgaşdyrylmagy wajyp şertleriň hatarynda kesgitlenilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ýakyn wagtda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça nobatdaky halkara maslahaty guramagyň zerurlygy babatdaky garaýşynyň ähmiýetini esaslandyrýar.
Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda gazanýan üstünliklerine şeýle hem, dünýädäki we sebitdäki ýagdaýlara strategik taýdan baha bermekde ylmy we seljeriş usullarynyň, halkymyzyň gadymdan gözbaşyny alyp gaýdýan milli däpleriniň hem-de ýörelgeleriniň uly ähmiýeti bardyr.
Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanýan üstünliklerinde ata-babalarymyzyň adalatly we paýhasly döwlet dolandyrylyşynyň, parasatly diplomatiýasynyň dowamyny görmek bolýar.
Atamyrat BEKÇIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
TMÝG-niň agzasy.