Döwlet berkararlygymyzyň şanly senesiniň uludan dabaralanýan günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biri boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu mejlisi halkymyzyň agzybirliginiň, bitewiliginiň, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolup, oňyn özgertmeleriň, täzelenişiň ýolundan ynamly öňe barýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu umumymilli forum halkymyzyň «Agzybirlik döwletliligiň altyn açarydyr» diýen pähiminiň dowamat-dowamdygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçen döwletli maslahatda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy ösüşiniň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ata Watanymyzy ösdürmegiň uzak möhletli stragetik maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Häzirki ajaýyp döwrümizde güneşli Diýarymyz beýik ösüşlere eýe bolýar, belent maksatlar rowaçlanýar, döwletimizi mundan beýläk-de ählitaraplaýyn ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan täze ösüşlere ýetirmekde, ilatyň gündelik zerurlygyny üpjün etmekde netijeli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyz bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýar. Şu ýylyň içinde durmuşa geçirilen beýik işler halkymyzyň bähbidine gönükdirildi we ösüşiň berk binýadyny kemala getirdi. Şeýle belent maksatly özgertmeleriň her biri halkymyzy, her bir ynsany buýsandyrýar. Üstünlikli amal edilýän düýpli özgertmeler Garaşsyz döwletimiziň çalt depginlerde ösdürilmeginde uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna, halk bähbitli işleriň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň döwletli maslahatda eden taryhy çykyşynda: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris» diýip, agzybirlikde, bitewilikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýolunyň ynamly dowam etjekdigi baradaky ganatly sözleri ildeşlerimiziň ýürek buýsanjy bolup ýaňlandy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetimiziň syýasy durmuşynda möhüm waka öwrüldi, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini aýdyň dabaralandyrdy. Häzirki wagtda şu möhüm waka mynasybetli, wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Biz – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary bolup, döwletli maslahatdan, onda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeleri ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmekde tagallalarymyzy gaýgyrmarys.
Goý, berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da arşa göterip, halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan we halkymyzy galkyndyrmakda buýsanja mynasyp işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary elmydama rowaçlyga beslensin!
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.