YLHAM BOSSANYNYŇ JOŞGUNY

Kalbyňda şineläp, şirin zybana sygýan mukaddesligiň iň naýbaşylarynyň biri hem şygryýetiň ylhamly dünýäsindäki gudratdyr. Onuň akar çaý deý dag gerişlerinden towlanyp gaýdýan şerbetli bulagyndan heýjan tapýan göwünleriň günsaýyn artmasy buýsanjyňy goşalandyrýar.

Yhlasly başlangyçlaryň taplanyp, ýonulmagynda gözbaşyny ata-babalarymyzdan alyp gaýdýan halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň ähmiýeti diýseň uludyr. Türkmen edebiýatynda yz galdyran ägirtleriň ruhy hazynasy biziň şu günlerimizde hem özüniň gymmatyny birjik-de ýitirmeýär. Dünýä ýurtlarynyň arasynda halkymyzyň baý geçmiş taryhyny ýaýmakda, şeýle hem olary şu günki nesillerimize ýetirmekde ýazyjy-şahyrlarymyzyň ussatlyklary her bir ynsanyň kalbynda öçmejek şamçyrag bolup şöhlelenýär.

Şygryýet — ruhy joşgundaky pikir gatnaşyklaryň aýrylmaz ülşüniň hyýaly düýşüdir. Bir ýazyjynyň: “Edebiýat — öz duýgularyňy özgelere düşündirip bilmek ukybydyr, öz ykbalyň, dünýäni aňlaýşyň, duýgularyň, oýlaryň bilen şolaryň ählisini başgalaryň durmuşynda syzyp bilmekdir” diýip belleýşi ýaly, bu täsin dünýäniň ruhy başdan geçirmelerine berilmek hem iňňän ýakymly duýgy... Eýsem, küt-küt kitaplaryň haýsy birinde ynsan ömrüniň durmuş beýany yzarlanmaýar. Haýsy birinde tebigatyň müň bir öwüşginli reýhan-lälezarlygy taryplanmaýar. Akyl eleginde saldarlanyp, ýeňişli menzillerde ykbal ýollaryňa päklik eçilýän kitaplaryň goldaw-beýany sanap tükederden agdyk...

Bagtyýarlyk döwrümiziň bagtly ýaşlarynyň edebiýat ýaýlasyndaky gadamlary mähriban Arkadagymyzyň halypa-şägirtlik ýörelgeleri esasynda dowam etdirilýär. Bu bolsa döredijilikde şowly ädimler bilen ilerleýän ýaşlaryň geljekki üstünliklerine has-da uly itergi berýär. Döredijilikde zehiniňi kämilleşdirmek üçin halypalaryň maslahatyndan ugur almak, olar bilen yzygiderli edebiýat duşuşyklaryna gatnaşmak ýaşlaryň her birinde çeper söze bolan höwesi ganatlandyrýar.

«Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar bilen tanymal ýazyjy-şahyrlaryň, aýdymçy-sazandalaryň gatnaşmaklarynda dürli duşuşyklar geçirilýär. Şeýle döredijilik duşuşyklarynyň biri golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda “Berkarar döwletim, jigerim janym, şahyrlar wasp edýär bagtyýar döwrüm” ady bilen geçirildi.

Duşuşygyň barşynda döredijilikde öz ýoluňy tapmak, okyjylara täsirini ýetirjek çeper gözlegleriň üstünde işlemek barada pikir alşyldy. Biz dabara gatnaşan Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby, ýaş şahyr Selimberdi Esenberdiýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi.

Kalp güzeriniň akyl-paýhas ummany bilen giňemegi şahsyýet üçin uly hadysadyr. Söz düründen ganatlanýan göwünleriň ruhy teşneligini gandyrjak şygyrlary diňlemek ýakymly lezzet paýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda şeýle duşuşyklaryň ýygy-ýygydan geçirilip durulmagy buýsançly kalbymyza ylham nury bolup çaýylýar. Watanymyzyň tebigatyny, ösüşlerini, bagtyýar günleriň şatlyk-şowhuna beslenýän toýlaryny... şygyrlarymyzda wasp etmek — biziň üçin diýseň uly bagt. Soraglarymyza kanagatlanarly jogap berýän halypalarymyzyň ýaşlara edýän öwüt-ündewlerini ýakyndan diňläp, pikir-düşünjeleriňi paýlaşmak has-da täsirli.

Ýaşlaryň her biriniň ýürekden çykýan joşgunly sözlerini diňläniňde Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy hem-de ýaş nesilleriň röwşen geljegi barada edilýän çäksiz aladalar öz aýdyň beýanyny tapýar. Dabarada okalan şygyrlaryň joşguny, ylhamyň ylahy ýaýlasynyň hyrujy bolup ýaňlanan aýdym-sazlaryň ýakymly owazy bilen utgaşyp göwünlere bagt serpaýyny ýapdy.

Halkymyzyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berýän, ýaşlarymyzyň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadag Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

“Nesil” gazeti,

25.02.2017ý.

Meňzeş habarlar