Ýaşaýşyň nurana öwüşgini siňen mukaddes baýdagymyz agzybirligiň hem asudalygyň, abadançylygyň hem jemgyýetçilik jebisliginiň höküm sürýän erkana Watanymyzyň naýbaşy döwlet nyşanlarynyň biridir. Bu günki günde ol tutuş dünýäde ilkinji we ählumumy derejede ykrar edilen ýeke-täk hemişelik Bitarap döwletiň nyşany hökmünde kabul edilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen ilhalar işleriň gerimi günsaýyn artýar. Erkana ýurdumyz syýasy, ykdysady, medeni-ruhy ugurlar boýunça buýsandyrýan ösüşleriň täze altyn menzillerine barha batyrgaý hem ynamly gadam basýar. Bu guwançly ýeňişleriň gözbaşynyň, asylly maksatlaryň parasatly pederlerimiziň paýhasyndan gaýdýandygy hem egsilmez gujur-gaýrat, ýüreklerimize synmaz erk bagyşlaýar.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan beýik işleri tutuş halkymyz, şol sanda ýaşlar hem milli gözbaşlarymyza goýlan bimöçber sarpa, watansöýüjilik edebimiziň şirin miweleri, her birimiziň perzentlik parzymyz diýip kabul edýär. Millilik bolsa halkymyzyň taryhy akymda ýitirmän saklan keşbi, kämil aňy, ýüzüniň tuwagy, synmaz mertebesidir. Türkmen halkynyň ýaşyl tugy ata Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň hem şanly dowamatynyň nyşanydyr. Döwlet tugumyz al-asmanda parlap, biziň her birimiziň ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize bolan guwanjymyzy, söýgimizi artdyrýar hem-de her bir işde yhlasly we döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Her bir halk özüniň mynasyp nesilleri bilen dowamat tapýar. Milletiň geljegi kämil nesiller bilen hasyl bolýar. Nesilleriň taplanan erki, watançylyk ruhy, maksada okgunly hem batyrgaý öňe gadam urmagy bilen ýagty geljek durmuş hakykatyna öwrülýär. Olar şeýle buýsançly taryhy menzilleri geçmek bilen döwrebap bilimi, döredijiligi we sporty, milliligimize ýaraşyk berýän nusgalyk edep-ekramy, pederlerimiziň watançylyk ruhuny, tutanýerliligi hem maksada okgunlylygy, sagdynlygy hem ruhubelentligi özlerine hemra edinýärler.
Topragymyzyň mukaddes duzuna tagzym edip ýaşaýan nesiller Gahryman Arkadagymyzyň hemmetaraplaýyn üns-aladasyndan egsilmez güýç alyp, her bir ösüşde öňde bolmagy başarýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistan tutuş dünýäde ösen ylmyň, kämil bilimiň ýoluny saýlap alan, bu ugurda iňňän uly işleri üstünlikli durmuşa geçirýän ýurt hökmünde sarpalanýar. Milli bilim ulgamynda geçirilýän düýpli özgertmeler ýurdumyzyň kuwwatly, rysgal-bereketli hem bagtyýar geljegini üpjün etmegi maksat edinýär. Halkymyz bu röwşen geljegi Arkadag Prezidentimiz bilen gurýar.
Ruhubelent türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi häzirki wagtda öz ýurdumyzyň hem daşary döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilimlerini kämilleşdirýärler, ylmyň we tehnologiýalaryň iň täze gazananlaryny erjellik bilen özleşdirýärler. Olar alan bilimlerine daýanmak bilen, täze ylmy açyşlara, ylmy-tehniki oýlap-tapyşlara, tehniki we tehnologik işläp taýýarlamalara özüniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanda milli alymlaryň kämil nesli ýetişip gelýär. Olar kuwwatly gollarynda milli bilim hem ylym tuguny belent göterip, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Ilhalar syýasaty bilen ynsanperwerligiň mekany hökmünde tutuş dünýäde adygýan Türkmenistan milli medeniýetiň, sungatyň hem ýokary görkezijiler sportunyň pajarlap ösýän ýurdudyr. Erjel, dogumly, zehinli hem tutanýerli türkmen ýaşlarynyň bu ugurlarda gazanýan arzyly ýeňişleri, abraýly baýraklary tutuş halkymyzyň serini belent Tugumyza deňleýär. Her gezek döredijilik we sport ýaryşlarynda milli baýdagymyz arşa göterilip, Döwlet senamyz ýaňlananda, ýaşyl baýdagymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi belende göterilýär. Türkmen sportunyň abraýyny belende göterýän ezber türgenlerimiz Watan buýsanjyny gursagynda besläp, beýikden-beýik ýeňişleri bilen şöhratly taryhymyza şan goşýarlar.
Bilime, ylma, hünär kämilligine gol berýän türkmen ýaşlary bu günki günde milli ykdysadyýetiň hemme pudaklarynda önjeýli zähmet çekip, döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrýarlar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri esasynda olaryň gujur-gaýraty bilen tarp ýerlerde uç-gyraksyz pagta we bugdaý meýdanlary peýda bolýar, täze nusgalyk obalar bina edilýär, yklymara ulag-kommunikasiýa we üstaşyr energiýa geçirijiler, döwrebap öňümçilik kärhanalary, ägirt uly senagat, ýaşaýyş jaý, medeni-durmuş infrastruktura toplumlary gurulýar. Şeýle beýik işler diňe Gahryman Arkadagymyza buýsanýan, ýüregi beýik maksatly nesillere başardýar.
Baýdak we döwlet — bitewi, bölünmez bir düşünjelerdir. Olar nesilleriň aňyna ornap, taryhy dowamaty kemala getirýär, şöhratly geçmişimize buýsanjymyzy artdyrýar, bagtyýar geljege bolan umydymyzy hem ynamymyzy taplaýar. Halkymyzyň geljegi bolan türkmen ýaşlary nurana baýdagymyzy gujurly gollarda götermek bilen, mukaddes Döwlet nyşanlaryna belent hormat-sarpany beýan edýärler. Olar Döwlet baýdagymyzyň, Döwlet tugramyzyň, Döwlet senamyzyň mertebesini belentde tutup, Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda mähriban Watanymyzyň beýgelmegine, halkymyzyň şöhratly dowamatyna şöhrat goşýarlar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli buýsanjymyza, egsilmez guwanjymyza öwrülen Döwlet baýdagymyz belentde parlap, ýüreklerimize watansöýüjilik mertebesini buşlaýar. Ak mermerli paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň birinde dikilen belent baýdak sütüni her birimiziň buýsançly nazarymyzy täze hyjuw bilen özünde jemleýär. Biz serimizi belentde buýsançly parlaýan ýaşyl baýdagymyza deňläp, özümiziň şeýle kuwwatly döwletiň bagtyýar raýatydygymyza tüýs ýürekden buýsanýarys. Biz mukaddes Döwlet baýdagymyzy ýüzümiziň tuwagy saýyp, ony ezizleýäris. Baýdagymyz nesilleriň gursagynda baky mukaddesdir, Watan bakydyr!
Berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!
Kyýas GARAÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
02.03.2017ý.