Şu gün Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Öňdebaryjy ýaş saglygy goraýyş işgärleri – döwrümiziň buýsanjy» ady bilen baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň çäginde zähmet çekýän öňdebaryjy saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen bu maslahatda çykyşlara giň orun berildi.
Olarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyl käri lukman bolan Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlary, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda adam saglygyny goramak, ony dikeltmek boýunça dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. «Saglyk» döwlet maksatnamasy esasynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça zerur şertleriň ählisi döredilýär.
Alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäklerinde Arkadag şäherinde bina edilen saglyk maksatly binalaryň, sport desgalarynyň ýerli ýaşaýjylaryň hyzmatyna berilmegi-de aýdylanlary doly tassyklaýar. Şeýle hem häzirki wagtda dünýä döwletleri, iri halkara guramalary, aýratyn-da Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlygymyz has-da berkidilýär.
Ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk serişdeleriniň we saglygy goraýyş enjamlarynyň uly ähmiýete eýe boljakdygy göz öňünde tutulyp, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde 100 gektara golaý ýerde ekologiýa taýdan arassa, ýokary halkara hil görkezijilerine doly laýyk gelýän, çig mal binýady bolan Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça işler hem üstünlikli alnyp barylýar.
Şular dogrusynda beýan edilen buýsançly çykyşlardan soňra, maslahata gatnaşyjy ýaş saglygy goraýyş işgärleriniň onlarçasyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan hünär baýramçylygy mynasybetli ýadygärlik sowgatlary hem gowşuryldy.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.