WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Şu gün Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli demokratiýasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

     Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu çärä şäheriň çäginde hereket edýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde beýan edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garalan meseleler, ondan gelip çykýan wezipeler dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Şeýle hem ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Mekan AMANLYÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 30 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 180 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 150 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY