Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň gurnamagynda, saglyk ulgamynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky “Ýolagçy-parom” terminalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň, ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky döwlet syýasatynyň üstünlikli dowam etdirilýändigi, dünýäniň döwletleri, iri halkara guramalary bilen saglygy goraýyş ulgamy boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary barha berkidilýändigi dogrusynda bellediler. Çykyşlaryň her birinde halkymyzyň saglygy hakyndaky aladany ilkinji nobatda goýýan, saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi üçin giň şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Güljemal BAÝLYÝEWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň esasy hünärmeni.