TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY ULGAMYNYŇ IŞGÄRLERINE

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri!

Sizi hünär baýramyňyz — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde gazanylýan uly üstünliklere buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Kabul edilen milli we döwlet maksatnamalary esasynda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän bejeriş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, saglyk öýleri yzygiderli gurlup, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypalar ýazylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgam boýunça kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň tutuş toplumy kabul edilip, olar döwrüň talaplaryna, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli täzelenilýär. Netijede, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä standartlarynyň derejesine çykaryldy.

Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän bu önümler geljekde dünýä bazarlarynda hem uly orny eýelär.

Häzirki döwürde eziz Diýarymyzda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezler, döwrebap hassahanalar halkymyza hyzmat edýär. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli hem paýtagtymyzda täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy ulanmaga berildi.

Ýurdumyzda döwrebap bejeriş usullary ornaşdyrylyp, ilatymyza dünýä lukmançylygynyň ähli hyzmatlary diýen ýaly hödürlenilýär. Türkmen lukmanlary hünär derejelerini ýokarlandyrmak, tejribe geçmek üçin Ýewropanyň we beýleki öňdebaryjy döwletleriň saglygy goraýyş merkezlerine yzygiderli iberilýär. Dünýäniň belli lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Däp bolan Türkmen-german lukmançylyk forumy munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri!

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy aýratyn durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz baradaky aladany baş maksat edinip, giň gerimli işleri alyp barýar. Gaznadan paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergileriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeler yzygiderli bölünip berilýär.

Häzire çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň ýüzlerçesinde operasiýalar, şol sanda ýürek-damar, daýanç-hereket ediş ulgamynyň kesellerini bejermek ýaly çylşyrymly operasiýalar, şeýle-de beýleki bejeriş-anyklaýyş işleri geçirildi.

Garaşsyz Watanymyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek babatda alnyp barylýan işler dünýä jemgyýetçiliginiň, halkara guramalaryň, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hem-de Çagalar gaznasynyň giň goldawyna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünlikleri halkara derejede ykrar edildi. Türkmenistana gowşurylan güwänamalar, sylaglar we beýleki resminamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Gazanylýan bu uly üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ajaýyp miweleridir.

Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki saglygy goraýyş edaralarynda çylşyrymly hem-de inçe ugurly lukmançylyk amallaryny geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça gazanylýan üstünlikler örän guwandyrýar. Biz geljekde-de bu ugurda maksatnamalaýyn özgertmeleri amala aşyrarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň täze ösüşlerini üpjün ederis.

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri!

Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, ynsan saglygyny goramak ýaly asylly işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.