Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebinde okaýan okuwçylaryň arasynda «Ýaşlar – bagtly geljegimiziň binýadydyr» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Wagyz-nesihat çäresinde ýurdumyzda ähli ulgamlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylýandygy, internet üpjünçiliginiň elýeterliligi, ýaşlaryň sanly ulgamdan kämil baş çykarmaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada, şeýle-de internet ulgamyndan dogry peýdalanmak, bu ugurda ýurdumyzda hereket edýän Kanunlar we olardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek dogrusynda çykyş etdiler. Mundan başga-da çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty, ýaşlary il-halkyny söýýän, watansöýüji, ylym-bilim taýdan ýüki ýetik, milliligimize, şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar agzybir hem zähmetsöýer halkymyzyň asuda, eşretli durmuşda ýaşamagy, ösüp gelýän ýaş nesilleriň geljegi hakynda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Oguljeren ÇENDIROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.