SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERI WAGYZ EDILDI

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi, ýerli hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde, Daşoguz şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda, “Kämil terbiýeli nesil – ýurduň sarsmaz sütüni” atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Okuwçy ýaşlaryň ylymly-bilimli, ýokary ahlakly bolmagyny gazanmak, ýurdumyzda hukuk ulgamy boýunça kabul edilen täze kararlar, kanunlar bilen tanyşdyrmak, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda çykyş edenler milli ýol-ýörelgelerimiz we däp-dessurlarymyz, edep-ekram, görüm-görelde, maşgala mukaddesligi, hukuk düşünjeliligi barada giňişleýin bellediler.

 

Sabyrgeldi BEGOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.