KARTANYŇ TARYHYNDAN

     Ilkinji geografiki kartalaryň haýsy döwürde döredilendigi barada belli bir netijä gelmek kyn. Dünýäniň dürli künjeginden tapylan arheologiki tapyndylaryň arasynda daşlara, süňklere, agaç gabyklaryna, agaçlara çyzylan karta görnüşli çyzgylara duşmak bolýar. Ol çyzgylarda şol sebitleriň sada şekiller bilen beýan edilen ýer üstüniň sudury şöhlelenýär.

     Biziň günlerimize gelip ýeten has gadymy kartalar gadymy müsürlilere we assiriýalylara degişlidir. Kartografiýanyň döreýşi we kämilleşişi öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Olaryň çyzan kartalary täze, adam aýagy sekmedik ýerleriň umumy kartasyny döretmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat edipdir. Ilkinji anyk şekilli kartalar Mesopotamiýa we Gadymy Müsür sebitlerinde döräpdir. Dünýäde täjirçiligiň ösdürilmegi, täze ýerleriň açylmagy, harby hereketleri alyp barmak kartalar bilen berk baglanyşyklydyr.

     Maglumatlara görä, ilkinji kartany grek filosofy Aleksandr Miletskiý, takmynan, b.e.öňki 610-njy ýylda çyzypdyr. Onuň kartasynda ýer silindr şekilli bolup, onuň daşy suw bilen gurşalypdyr. B.e.öňki IV asyrda Aristotel günüň tutulma hadysasy wagtynda ýeriň tegelek kölegesini synlap, ýeriň tegelek bolmagynyň mümkindigi barada pikiri öňe sürüpdir. Orta asyrlarda geografiýa we kartografiýa ylymlarynyň ösüşine Gündogar ýurtlarynyň alymlary has uly goşant goşupdyrlar.

     Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet al Biruny öz ýaşaýan ýeriniň kartasyny çyzmak bilen bir hatarda, ilkinji globusy hem döredipdir. Globusda Ýewropa we Aziýa ýurtlary ýerleşdirilipdir. Al Birunynyň döreden globusy XVI asyryň ahyrlaryna – Beýik Geografiki açyşlar döwrüne çenli üýtgedilmändir.

     XVI asyryň ahyrlarynda Ýewropa we Aziýa sebitleri doly öwrenilipdir. Häzirki döwrüň alymlaryny şol döwür üçin mahsus bolmadyk anyklyk bilen çyzylan karta nusgalary haýran galdyrýar. Şol döwürde çyzylan kartadan görnüşine görä, Çukotka, Alýaska, Kamçatka, Sahalin, Hytaý, Mongoliýa, Hindistan ýerleri has hem takyk öwrenilipdir. Dürli alymlar, syýahatçylar dürli halklaryň kartografiýa sungatyna üns beripdirler. Sebäbi, olar syýahat edýän wagtlary, ýerli kartany öwrenmeli bolupdyrlar.

     Fransuz syýahatçysy Anri Dýuwerýe 1859-njy ýylda merkezi Saharada tuareg taýpalarynyň ýaşan ýerlerine barypdyr. Oňa bu ýerdäki Ahoggar dagyny öwrenmek başartmandyr. Emma syýahatçy şol daglygyň kartasyny ýerli Şeýh Othan tarapyndan döredilen çäge maket esasynda karta geçiripdir. Tuaregleriň karta çyzmaga ökde bolandygy baradaky maglumatlar beýleki çeşmelerde hem gabat gelýär.

     Tuaregleriň günorta goňşulary bolan fulbeler hem kartografiýa sungatyndan ökdelik bilen baş çykarypdyrlar. Ýerli han Sokofo Sultan Belo iňlis serkerdesi Hýu Klepperton üçin çägäniň ýüzüne Kworro derýasynyň çyzgysyny derýanyň ähli akymlary, öwrümleri, howuzlary, goşantlary bilen birlikde çyzyp beripdir we çyzgyny kagyza geçirmäge rugsat beripdir.

     Fransuz syýahatçysy Wiktor Laržo öz işlerinde 1876-njy ýylda fulbelerden bolan bir demirçiniň özi üçin çägäniň ýüzüne Tripoliden Timbuhtu ýerlerine çenli aralygyň shematik kartasyny çyzyp berendigini ýazypdyr. Bu iki nokadyň arasynyň 16 gradusdygyny belläp geçmek gerek.

     Professor K.Ueýl XXI asyryň başynda Lindi obasyndan Massasi obasyna barýarka, ýerli ýaşaýjy Pesa oňa bu ugruň köne kartasyny beripdir.  Kartanyň aşaky sag burçunda Lindi obasy, ýokarky çep burçunda bolsa, Massasi obasy ýerleşdirilipdir. Kartanyň şeýle anyk çyzylandygy professory haýran galdyrypdyr.

     Belli syýahatçy Edward Robert Flegel fulbe taýpasynyň serdary Abdulrahmana şol ýerleriň we goňşy taýpalarynyň ýerleriniň öz çyzan kartasyny görkezipdir. Taýpa serdary öz baş maslahatçysy bilen şol karta aýratyn anyk üýtgeşmeleri girizipdir.

     Iňlis geografy Ç.T.Bik 1840-1843-nji ýyllarda Nil derýasyny öwrenende, ol ýerli ýaşaýjy Omar ibn Nejiden Ak Niliň goşandy bolan Sobatyň kartasyny alypdyr.

     Rus alymy Aleksandr Fýodorowiç Middendorf (1815-1894) öz işlerinde Sibir tunguslarynyň öz ýaşaýan ýerleriniň kartasyny çägäniň ýa-da garyň ýüzüne aňsatlyk bilen çyzyp bilýändigini beýan edipdir.

     Ýene bir rus geografy Pýotr Alekseýewiç Kropotkin XIX asyryň 70-nji ýyllarynda Baýkal sebitlerine syýahat edende, tungus taýpasynyň bir ýaşaýjysynyň agaç gabygyna çyzyp beren çyzgysyndan ugur alypdyr.

     Rus geografy, etnografy we antropology Dmitriý Nikolaýewiç Anuçin 1906-njy ýylda Sibire syýahat edýän wagty oňa ýerli ýaşaýjy Şigal Ýeniseý derýasynyň we onuň sebitleriniň kartasyny çyzyp beripdir. Gaty anyk çyzylan bu karta Anuçin uly baha beripdir.

     IX asyrda syýahatçy W.Iohelsonyň Sibiriň Kolyma derýasynyň sebitlerine geografiki we etnografiki barlaglaryny geçirendigi barada maglumatlar bar. Ol ýerli ýaşaýjylardan berýoza agajynyň gabygyna çyzylan uly bolmadyk iki sany kartany alypdyr. Onda Kolyma derýasy, onuň goşantlary bolan Korkodon we Rassoha derýalary, şeýle-de, kenarýakasynda ýerleşýän ilatly ýerler, awlaglar şekillendirilipdir. Syýahatçy L.Ştrenberg Sahalin adasyna eden syýahatynda onuň ýolbeledi ýerli niwh taýpasynyň wekili bolup, ol syýahatçy üçin Sahalin adasynyň günorta böleginiň kartasyny çyzyp beripdir.

     Syýahatçylary has hem Awstraliýaly obarigenleriň çyzan kartalary haýran galdyrypdyr. Bu dünýä böleginde ýaşaýan käbir taýpalar daşlara ýa-da agaç gabygyna öz ýaşaýan ýerleriniň geň galdyryjy anyk kartasyny çyzmagy başarypdyrlar.

     Ýokarda agzalan kartalardan tapawutlanýan kartalary Polineziýanyň Marşal adalarynyň ýaşaýjylary döredipdirler. Ol kartalar taýajyklardan we daşjagazlardan düzülipdir. Taýajyklar ummanyň akymlaryny görkezipdir. Şonuň üçin olar tertipsiz birikdirilipdir. Olaryň arasyna bolsa, adalary aňladýan daşjagazlar ýa-da balykgulaklar goýlupdyr. Olaryň hemmesi palma agajynyň ýapraklaryndan alynýan sapaklar bilen birleşdirilipdir. Ýerli ilat şeýle kartany arhipelagyň içinde ýüzüş edýän wagtlary ulanypdyrlar. Şeýle kartalar baradaky maglumaty ilkinji gezek nemes konsuly F.Gernsgeým Ýewropa getiripdir. Ýewropa kolleksiýasynda häzirki döwürde şeýle kartalaryň 50-ä golaýy bar. Syýahatçy Awgustin Kramer Ýuwaş ummanynyň günortasynda 1897-1899-njy ýyllarda eden syýahatynda ýerli hanlaryň birinde Marşal adalarynyň kagyza çyzylan kartasyny görüpdir. Ol karta F.Gernsgeýmiň Ýewropa getiren kartasy bilen meňzeş bolupdyr.

     Demirgazyk Kanadanyň, Alýaskanyň, Grenlandiýanyň eskimoslarynyň kartografik başarnyklary baradaky gyzykly maglumatlar syýahatçylaryň işlerinde gabat gelýär. Arktikany öwreniji angliýaly Uilýam Eduard Parri 1821-1823-nji ýyllarda Gudzon aýlagyny öwrenýän wagty eskimos Iliglýuk oňa şol sebitiň kartasyny çyzyp beripdir. Şol kartanyň kömegi bilen Parri 1822-nji ýylyň iýul aýynda Baffin bogazyny açypdyr. Beýleki bir iňlis barlagçysy William Biçä eskimoslar Bering bogazyny açmaga kömek edipdirler.

     XIX asyrda dünýä kartasynda Ýuwaş ummanynyň käbir adalaryndan, Demirgazyk polyusynyň käbir ýerlerinden başga öwrenilmedik ýer galmandyr. Gradus torunyň we nolunjy meridianynyň girizilmegi kartanyň dilini has hem ýeňilleşdirdi.

 

TAÝÝARLAN: Arzygül JOMARDOWA,

B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY