PAGTAÇY ÝAŞLARYŇ ARMASYNY ÝETIRÝÄRIS

     Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda pagta ýygymynyň depginli alnyp barylýan häzirli gyzgalaňly günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň wekilleri hem möwsüme gatnaşýan ýaş pagtaçylaryň arasynda bolup, armalaryny ýetirýärler, höweslendiriş çärelerini geçirýärler. Günortanky gysga wagtlyk arakesmede meýdan düşelgelerinde ýygymçy ýaşlar, ýaş pagtaçy kärendeçilerdir awtoulag sürüjileri bilen bolýan duşuşyklar zähmetkeşleriň göwünlerini göterip, olary täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»  ýylynda etrabymyzda gowaçanyň oňat hasylyny ýetişdiren pagtaçy kärendeçiler az däl. Olar häzirki günlerde hereketini bolluk bilen eçilen gowaçaly atyzlardaky hasyly ýitgisiz ýygnamakda yhlasly zähmet çekýärler. Möwsümde kärendeçilere ýardama gelen köp sanly ýygymçy ýaşlaryň tutanýerli zähmeti hem bellenmäge mynasypdyr. Şonuň bilen baglylykda, meýdan düşelgelerinde guraýan medeni-dynç alyş dabaralarymyzyň barşynda şeýle öňdebaryjy ýaşlara höweslendiriş sowgatlarymyzy gowşurýarys.

     Tutanýerli zähmet çekýän pagtaçy daýhanlar ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny kämilleşdirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýdýarlar.

 

Begenç ÖWEZOW,

TMÝG-niň Kaka etrap  Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 42 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

18 Noýabr 2024 | 44 okalan

BEÝIK DÖWRÜŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY