Merjen şäherimiz bu gün özüniň sergin howasy, arassa seýilgähleri, owadan binalary bilen göreni haýrana goýýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasaty netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem paýtagtymyz üstünlikli dowam etdirilýän düýpli gurluşyklary, badalga berilýän täsin iri taslamalary bilen ösdürilýär. Hut, şu nukdaýnazardan, raýatlarymyzyň abadançylygynyň, eşretli ýaşaýşynyň, amatly iş gurşawynyň, şeýle hem ruhy dünýäsiniň sagdynlygynyň esasy orunda durýandygy buýsandyryjydyr. Merjen şäherimiziň görküne görk goşýan suw çüwdürimleridir serhowuzlar özüniň ýerleşýän ýeri, täsin şekil aýratynlyklary bilen ýürekleri maýyl edip, ýakymly duýgulary döredýär. Şunda adamzat jemgyýetiniň we tebigatyň ajaýyp bitewüligi emele gelýär. Hormatly Prezidentimiz her bir gurulýan desganyň ýaşamaga amatly bolmagy bilen bir hatarda, onuň daş-töweregindäki meýdançalaryň bezeg aýratynlyklaryny hem üns merkezinden düşürenok. Gözelligiň gaýtalanmajak nusgasy, görenleri haýrana goýýan, hemmeleriň göwün isleginiň, arzuwlarynyň hasyl bolýan ýeri bolan ak şäherimiz Aşgabat bu gün ajaýyplygy bilen dünýäde giňden tanalýar. Bu bolsa halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar we ýüreklerini buýsandyrýar. Çünki Aşgabat şäheri ýurdumyzyň ýüregi, halkymyzyň arzuw-islegidir. Ol Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny we dünýä bileleşigindäki ornuny has-da dabaralandyrýar. Ak mermerli paýtagtymyz häzirki wagtda sebitde we yklymda adamlaryň oňaýly ýaşaýşyny, durmuşyň ýokary derejesini, öndürijilikli zähmeti we göwnejaý dynç alşy üpjün edýän şäherleriň hatarynda tanalýar. Aşgabat şäheriniň gözel keşbinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten belent derejeleri aýdyň duýulýar. Milli binagärligiň giň däplerini hem-de täze döwrüň ruhuny aýdyň görkezýän milli we öňdebaryjy binagärlik çözgütleriniň sazlaşykly ulanylmagy netijesinde, paýtagtymyz günsaýyn täze görke eýe bolýar. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi paýtagtymyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da artdyrdy. Gözel paýtagtymyzy beýik ösüşler bilen dünýä meşhur edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!
Begenç KIÇIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň talyby.