BAGTLY ADAMLARYŇ HATARYNDA BOLMAGYŇ SYRLARY

     Biz hemişe bagtly bolmagy, «Men bagtly!» diýen jümläniň lezzetini duýmagy arzuw edýäris. Bagtly adamlaryň dünýäsiniň açaryny gözleýäris. Aslynda, bu pikirleriň ählisi biziň wagtymyzy sarp etmekden başga netije bermeýändigine bolsa ünsem beremzok. Bagtly bolmagy öwrenmegiň gerekligi bolsa köpçüligiň hyýalyna-da gelmeýär. Bagtyň ýönekeýje pursatlardygyny aňlamak üçin köp zatlara düşünmek gerek bolýar. Psiholog Sonýa Lýubomirskiý Mark&Angel neşirindäki makalasynda bagt temasyna ýüzlenip, gözlegleriň dowamynda anyklan bagtly bolmaga mahsus bolan birnäçe sebäpler hakynda maglumat berdi. Nähili şertde ýaşaýandygymyza garamazdan, biz bu maslahatlary hemişe ulanyp bileris.

     ÝÜZLEÝ PIKIRLENMEKDEN WE DEŇEŞDIRMEDEN DAŞDA BOLUŇ!

     Adam özüni birine deňemeli däl. Eger biz birinden «gowurak» bolsak, bu bizde näsag üstünlik duýgusyny oýarýar. Netijede, biziň «ego»-myz artýar, bu bolsa gowulyga alyp gelmeýär. Eger «erbedräk» bolsak, eden ähli işlerimiz gözümize görünmän, ýyllaryň dowamynda ýetmek islän maksatlarymyzdan ýüz döndermäge getirýär. Ýadyňyzdan çykarmaň! Özüňizi deňäp biljek ýeke-täk adamyňyz — düýnki Siz.

     RUHY TAÝDAN ÖSÜŇ!

     Ruhy taýdan ösmek üçin hereket edenimizde adam iň gudratly jandarlygy hakyndaky bolgusyz pikirleri unudýarys. Bu bolsa bize täze dünýäni açmagymyza ýardam eder.

     MAKSADA ÝETMEK ÜÇIN HEREKET EDIŇ!

     Işe çyndan ýapyşmak ägirt güýje öwrülýär. Wezipäni ýerine ýetirmek üçin elimizden gelen hereketleri edip başlanymyzda duýdansyz ýagdaýlar ýüze çykýar. Maksat edinip ýaşamak ony amala aşyrmakdan başga çykalga galmaýar. Bu çykalga adamlary bagta eltýär, sebäbi olar näme üçin ýaşaýanyny duýup başlaýarlar.

     SAGLYGYŇYZA ÜNS BERIŇ!

     Bedeniň saglygy hakynda alada etmek bagtly bolmagy isleýän adam üçin meseläniň çözgüdidir. Gowşak fiziki energiýa emosional we ruhy güýçde ýüze çykýar. Kliniki depressiýa duçar bolan kişilerde geçirilen barlaglaryň netijesine görä, fiziki maşklar antidepressantlar ýaly bagt duýgusyny ýokarlandyrýan ekeni.

     MINNETDAR BOLUŇ!

     Özüňizde bar bolan zatlar üçin minnetdarlyk duýgusy ýene-de çuňňur duýga — bagta öwrülýär. Munuň üçin hatda hiç hili harytlara hem mätäçlik ýok. Bu örän ajaýyp netije berýär. Durmuşda bize berlen zatlar üçin minnetdar bolmasak, özümizi bagtly duýmagymyz gumana.

     BEGENÇLI PURSATLARY UZALDYŇ!

     Çuňňur bagt belli bir wagt dowam edýänligi bilen özüne mahsusdyr. Käwagt şatlykdan lezzet almak üçin biraz saklanmaly bolýar. Dyngysyz hereketleriň äleminde bu hakda oýlanmagy hem ýatdan çykarmak hiç zatça däl. Ýagty pursatlara üns bermezlik edil bagty ogurlamak ýalydyr. Durmuşda iň ýönekeý zatlar, aslynda, iň zerur zatlar bolup biler. Muny hiç haçan ýatdan çykarmaly däl.

     ÝAGŞYLYK EDIŇ!

     Ýagşylyk etmek beýnini seretonin bilen kuwwatlandyrýar. Serotoniniň saglyk üçinem, bagty duýmak üçinem täsiri uludyr. Kimdir birine minnetsiz kömek etmek içki ýylylygy we garmoniýany duýmaga kömek edýär.

     GEÇIRIMLILIGI ÖWRENIŇ!

     Ýigrenç duýgusyny gizlemek ýa-da höweslendirmek ynsanyň ruhyýeti üçin howply täsire eýe. Biziň akylymyz öňki we häzirki duýgulary tapawutlandyryp bilmeýär. Emma birini ýigrenip, hemişe o hakynda oýlanmak — gussalar bilen ýaşamak siziň immun düzümiňizi «gemirýär».

     OPTIMIZMI ÖSDÜRIŇ!

     Beýle adamlar islendik ýagdaýda pozitiw lezzeti saklap galmak häsiýetine eýedirler. Pozitiw pikirlenýän kişiler dünýä ummasyz mümkinçiliklerden doly meýdana garan ýaly garaýarlar, esasan hem, kyn pursatlarda şeýle bolýar.

     DOSTLUKLY GATNAŞYKLARY TERBIÝELÄŇ!

     Planetamyzdaky iň bagtly adamlar çuň manyly gatnaşyklara gadyr goýýarlar. Özüni ýalňyz duýýan adamlaryň ömrüniň gysgalma howpunyň bardygyny bilýärsiňizmi? Ýakynlarymyz bilen gatnaşygyň netijesinde bizi ýyly duýgular gurşap alýar. Ýanyňyzda ýakynlaryňyz bolsa, özüňizi rahat duýýarsyňyz.

     PURSATDAN LEZZET ALMAK ÝAGDAÝYNY UZALDYŇ!

     Käwagt şeýle ýagdaýlar bolýar, hatda wagt togtap galan ýaly duýulýar. Ýerine ýetirýän işiňize girişip, onuň bilen bitin bolup galýarsyňyz. Hereketleriňiz we duýgularyňyz goşulýar. Işdä we uky sizi terk edýär. Siz oňa doly çümüp gidýärsiňiz. Hiç bir zat ünsüňizi bölmeýär, hatda bölmek üçin göreşmeýär. Şeýle ýagdaý ýüze çyksa, diýmek, siz pursatdan lezzet alýarsyňyz.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan

Yhlas NAZARGYLYJOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

«7/24.tm»: «Türkmenistan Sport» halkara

žurnalynyň elektron goşundysy. 14.10.2024.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY