TÄZE BINA — HALKYMYZA SOWGAT

     Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikleriň täze ösüşlerine tarap bedew bady bilen öňe barýan diýarymyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Bu baýramyň öň ýanynda Türkmenabat şäherinde «Türkmendermansenagat» birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň düzüminde işe girizilen buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň işe girizilmegi ildeşlerimiz üçin hakyky toý sowgady boldy. Bu kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem täze kärhanada öndüriljek täze önüm derman senagatynda giňden ulanylmak bilen birlikde birnäçe aýratynlyklara eýedir. Ýagny buýan kökünden alynýan glisirrizin turşusynyň biologik täsiri güýçli hasap edilip, ynsan bedeniniň sagdyn ösmeginde bedende alyş-çalşyň kadaly geçmeginde örän peýdalydyr.    

     Täze önüm tutuş dünýäde islegli önümleriň biri hasaplanylýar. Hut şonuň üçin hem bu gymmatly önüm eksport üçin hem niýetlenendir. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ösüşini şertlendirýär. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda şeýle döwrebap desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, ýurdumyzda ýaşlaryň halal zähmet çekmekleri, ukyp-başarnyklaryny görkezmek üçin hem uly goldaw bolup durýar. Ýagny täze kärhanada ýaş hünärmenleriň 120-si iş orunlary bilen üpjün edildi. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ýene bir subutnamasydyr.

     Hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýarys. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin zerur şertleri döredýäris» diýip belläp geçýär. Şeýle eşretli zamanada okamaga işlemäge, döretmäge, netijeli dynç almaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.  Her bir işde biz ýaşlara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun, tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

 

Aýjahan MOLLAÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY