Keýmir ýaş wagty hem obada sylanýan, hatly-sowatly oglan ekeni. Bir gezegem ol Hywa sapara barýan ýaşulular özüni äkitmänsoň, olaryň yzy bilen atyny münüp garama-garama gidiberýär. Esli ýoly geçip, Gün gyzar ikindiler Hywa barýar. Ana, tanyş atlar. Olar bir toplumrak edilibem daňylypdyr. Keýmirem köwejekläbräk esli durşuna, ahyry atyny baglaýar. Soň ýaşulularyň bolýan ýerine girýär. Görse, olaryň diňe biri otyr. Ol:
– Bo-how! Keýmir! Bä, alyp gaýtmasagam, özüň geläýdiňmi? Aý, bolýa-da, meni hem: «Atlara göz-gulak bolarsyň, galaý» diýip, goýup gitdiler. Tizara olaram gara bermeli. Ind-ä, näme, senem gelipsiň. Bar, işiň şol mallar bolsun. Çolaşyp-çörneşip ýörmesinler – diýip, Keýmire ýumuş buýurýar.
– Gör-ä, adamlary. Garbanjakmy, beýlekisem ýok, edil ýöne ýaman algyly ýaly –diýip, Keýmir, daşarlarda aýlaň-çaýlaň edip ýörşüne seretse, ine, parç bolup, guşaklyga ýetiberen jöwen esli meýdany tutup ýatyr. Gapdalynda-da, argyşçylaryň otuz-kyrk sany maly bar. Janawarlar gyzyl aç bolara çemeli. Jöwene ümzük atyp durşuna, duşagyny üzýäni hem bar.
– Aý, halypa, näme, mallaryňy syryljyradyp, aç gyrjakmy?! Goýber-dä, owsaryny boýnuna ora-da. Barybir bu jöweni Gün dogara ýetirmän, sowuk urýar-a – diýip, ol içerdäki oturanlara gygyrýar.
– Bu jöweni sowuk urjagyny nädip bilýäň? – diýip, mallara gözegçilik edýän adam geňirgenýär.
– Gün gaýra çöküp, gögüň dumandan düşegi şeýdip syrylyberdigi, köne çarwalaryň hasabyna görä, daň atyberende sowuk bolaýmaly diýip, Keýmir ynamly gepleýär.
– Bä, özüň-ä gögele ýigit ýaly welin, çeniň-ä biçem däl. Onsoň, dogrudanam, bagryňy oýkabermeli bu jöweni ertire çenli sowuk uraýarmyka?! Keýmir hem öz aýdanynda ynamly durýar:
– Haý, halypa, anygyna ýetmän, olar ýaly zatda «Degene gözüm, menden däl» ediberseň, ertir nä güne düşjegiň belli däl.
– Be, onda ynamyň bar-ow şeýle boljagyna?
– Menem telbe däl. Hany, onsoňam, beýdip durma- da düýeleri boşadyşdyr-a?
– Ýok, oň-a meň bognum ysmaz. Mallary goýberdigim, ekin eýesi geler welin, öňünde durubilseň durda. Ýok, men muny oňarman. Keýmir töwekgellik edýär-de, düýeleri boşadyşdyryp ugraýar. Ýöne suw içesi salym geçip-geçmänkä-de:
– Sen, how, malyňy parç bolup oturan dänelik ekine kowmaň näme? – diýip, ekin eýesi uly goh turzup gelipdir. Keýmir şonda-da ýöwsellemändir-de, özüniň hälki
pikirini oňa hem aýdypdyr. Onsoň ekin eýesi:
– «Ýarym güne ýaryş ýok» diýipdirler, myhman hatyraň üçin, özüň bilen deň bolup durmaýyn. Ertir aýdanyň bolaýsa, saňa Hudaýyň gülüp bakdygy, sowuk-aýaz ekinlere golaý gelmedik halatynda bolsa, dadyňa kim ýetişerkä? – diýipdir.
Emma ertesi aladaňdanlar aýaz ähli ekini gök daş edip taşlaýar.
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ
«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN