Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy ündemek boýunça biziň etrabymyzda hem giň gerimli işler alnyp barylýar we ýaşlaryň arasynda geçirilýän sport çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Golaýda Türkmengala etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminde sportuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa ady agzalan sport bölümine gatnaýan okuwçy türgenleriň ençemesi gatnaşdylar.
«Sagdyn durmuş ýörelgesi – Arkadagyň göreldesi» ady bilen geçirilen ýaryşyň esasy maksady ýaşlary sporta höweslendirmekden, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly we ata Watanymyza mynasyp ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybarat boldy.
Ýaryş diýseň çekeleşikli we gyzgalaňly häsiýete eýe bolup, oňa gatnaşan okuwçy türgenler sportuň tennis ugry boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Ýaryşyň netijesi boýunça degişlilikde ýeňiş gazanmagy başaran ýaş türgenler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň Hormat hatlaryna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ahyrynda türkmen sportuny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy.
Şeýle maksatly çäreleriň yzygiderli guralmagy ýaşlaryň kalbynda dostluk duýgusyny terbiýeläp, sagdyn ýaşaýyşa gönükdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Tylla RAHMEDOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Türkmengala etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.