ÖSÜŞLERIŇ AK ÝOLUNDA

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirmek, sanly ulgamy ösdürmek babatdaky hem tagallalar her birimizi begendirýär.  Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, söwda-senagat, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim we beýleki ulgamlary innowasion esasda alyp barmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, onuň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron, ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda: “Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip,  jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär” diýip belläp,  şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmegi, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip etdi. Munuň özi ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak boýunça taýsyz tagallalaryň edilýändigini görkezýär.

     Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatyny, ýaşlara dünýä tejribelerini öwretmek, bilimiň, maglumat tehnologiýasynyň öňdebaryjy usullaryny özleşdirmek, jemgyýetiň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetine wagyz-nesihat etmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň işgärler bolup, yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Ýaşlar hakda edilýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

 

Azat HALMYRADOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Oktýabr 2024 | 0 okalan

BIR BÖLEK ÇÜÝŞE WE ...

18 Oktýabr 2024 | 6 okalan

«...BIRI MAGTYMGULY, BIRI GOŞA TAR»