Özüniň taryhyny müňýyllyklardan alyp gelýän türkmen halkynyň gadymy saz gurallarynyň biri bolan gazma dutaryň mahmal owazy türkmen dünýäsiniň milli ruhy mukamyny bütin äleme ýaňlandyrýan jadyly gudratdyr. Asyrlaryň jümmüşinden şu günlere çenli gelip ýeten dutar halkymyzyň bagtly gününde-de, hasratly gününde-de hemsyrdaşy bolupdyr. Köňlüniň töründe ýer eýlän bu senede öýüniň töründen hemişelik orun beren ata-babalarymyz garamyk çykan çagalara dutaryň sazyny diňledip, dertlere em eýläpdir. Geçmişde türkmen sazynyň üsti bilen tutuş bir ýygnyň gaýtarylandygy baradaky gyzykly rowaýatlar hem biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Şükür bagşynyň öz agasyny sazynyň güýji bilen ýesirlikden boşadyşy hakyndaky waka-da aýratyn bellärliklidir.
Baý öwüşginli sazlary, halk heňlerini diňledigiňçe, bu senediň ýokary derejede ösdürilendigine, tutuş bir sungat derejesine göterilendigine şaýat bolýarsyň. Türkmen halky özüniň bagşy-sazandasyna aýratyn sarpa goýýan halk. Halkymyzda dutar ýasaýan ussalaryň hem hormaty belentden tutulypdyr. Dutaryň owazy uly-kiçi, tapawudy ýok, islendik ýaşdaky ynsany özüne çekip, owazyna maýyl edýär. Sebäbi dutaryň owazy ― halkymyzyň ýüreginiň owazy. Dutaryň owazy ― bagtymyzyň owazy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary netijesinde dutarçylyk senediniň, bagşyçylyk sungatynyň ösmegine giň ýol açylýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Müňýyllyklaryň dowamynda dutar türkmeniň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegine, merdana ata-babalarymyzyň ruhy syrdaşyna öwrüldi. Babagammar we Aşyk Aýdyň ýaly ussatlaryň yhlasyndan, pähim-paýhasyndan dörän dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty nesillerden-nesillere geçirilip, yzygiderli kämilleşdirilip gelindi» diýip örän jaýdar belleýär. Dutar sözi «iki tar» diýen manyny aňladýar. Kädisi, gapagy tut agajyndan, sapy, eşegi erik agajyndan, perdeleri, tarlary polatdan, buýnuzy goçuň şahyndan, gulaklary bolsa ýörite metaldan ýasalýan türkmen dutary halkymyzyň köňlüniň buýsanjy, ýüreginiň syrdaşydyr.
Aýgül MELÄÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.