Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilen konstitusion kadalar ähli ulgamlary we pudaklary, şol sanda, bilim ulgamyny hem giň gerimi bilen gurşaýar. Bilim ulgamynyň kämil hukuk binýadynyň bolmagy bolsa, döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Esasy Kanunymyzyň 55-nji maddasynda: “Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr.” diýlip berkidilen. Bilim almak hukugy – Türkmenistanda ýaşaýan adamlaryň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň 26-njy maddasynda we beýleki halkara hukuk namalarynda berkidilen halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyndaky şöhlelenmesi bolup durýar.
2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, ýurdumyzyň bilim babatdaky kanunçylygynyň döwrüň häzirki zaman talaplaryna esaslanmak arkaly barha kämilleşdirilýändigini aýdyň tassyklaýar. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda amala aşyrylýan innowasion özgertmelere laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, sanly ulgamy giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy kabul edildi. Resminama bilim edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Bilim ulgamyny kadalaşdyrmagyň we bu hukugyň ähli adamlara kepillendirilmeginiň döwlet işiniň baş ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenmeginiň esasy sebäbi – ylym we medeniýet bilen bir hatarda bilimiň jemgyýetiň çalt depginler bilen ösmeginiň iň möhüm şerti bolmagyndadyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar gününde gabatlanyp, bilimler dünýäsine ilkinji gadamyny basýan körpelerimize Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleriň gowşurylmagy, eziz Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde täze, döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine, bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy düzümi boýunça-da, täze innowasion tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy babatda-da barha oňyn netijelere eýe bolýar, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň bilim babatdaky milli kanunçylygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda sazlaşykly utgaşdyrylyp, her bir adamyň bilim almaga bolan hukugyny doly kepillendirýär.
Gülaýym AŞYROWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.