Ýazuwlary, jisimleri ulaldyp görmek üçin tegelejik çüýşe böleginden ýola çykan, bu günki günde jisimleri ulaldyp görmek, gözümizi gün şöhlesinden goramak, owadanlyk hem-de 3D ölçegli wideoşekilleri görmek ýaly maksatlar üçin ulanylýan durmuşy predmetleriň birine öwrülen gözäýnekleriň bu günki tehnologiýasyna we owadanlygyna gelip ýetmegi üçin uzyn wagt gerek boldy.
Äýnegiň esasy materialy bolan çüýşäniň taryhy bizi has gadymlara eltse-de, onuň jisimleri ulaldyp bilýändigi kitaphanalary we kitaplary bilen meşhur bolan rumynlylara daýanýandygy aýdylýar.
1200-nji ýyllarda Wenedikliler çüýşede uly üstünlikler gazanýarlar. Olar çüýşä güberçek şekil berlende ýazuwlary ulaldýandygy üçin, bu güberçek kamera süňkden ýa-da tagtadan çarçuwa edip, «okaýan daş» ady bilen, ilkinji äýnekleri öndürýärler.
Diňe ýakyny görmek üçin ulanylýan bu äýnekler 1400-nji ýyldan soňra ilkinji gezek uzagy-da görkezýän çüýşäniň oýlap tapylmagy bilen, uzagy görmek üçin hem hyzmat edip başlaýar.
Öňki döwürleriň filmlerinde ýeke göze dakylýan we gözüň töwerekleri bilen gysylyp saklanýan «monokl» äýneklerini gören bolsaňyz gerek. Näme üçin adamlaryň ol günlerde gözäýneklere elde tutmak üçin sap goýup ýa-da äýnegi gözlerine gysyp saklandyklaryny oýlandyňyzmy? Sebäbi äýnegimizi gulagymyza dakyp, onuň ykjam durmagyna sebäp bolýan äýnek saplary Wenediklileriň ilkinji äýneklerinden göni 450 ýyl soňra, 1727-nji ýylda Edwart Skarlet tarapyndan döredilýär. Bu oýlap tapylyşdan soňra gözäýnegiň tehnologiýasy öňegidişlige eýe bolýar.
1783-nji ýylda Amerikada ilkinji gözäýnek dükany açylýar.
1900-nji ýyla çenli elde öndürilen äýnekler tehnologiýanyň ösmegi bilen fabriklerde öndürilip başlanýar we bu günki derejesine, dürlüligine eýe bolýar.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Arzygül JOMARDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.