Öňňin Arkadag şäheriniň Maliýe müdirliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen «Halk Maslahaty – halkymyzyň asylly däplerinden ugur alýar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garalan meseleler, ýurdumyzy döwrebap ösdürmek, raýatlaryň bagtyýarlygyny üpjün etmek babatda kabul edilen çözgütler, Ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Olarda bellenilişi ýaly, Bagtyýarlygyň we geljegiň şäheri bolan Arkadag şäherimizi ösdürmek we mundan beýläk-de döwrebap derejede özgertmek ýaşlaryň mukaddes borjudyr. Şunda Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütleriň ähmiýeti has-da ýokarydyr.
Mämmedaly ORAZALIÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.