ÝAŞLAR SYÝASATY DÖWREBAP DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinden gelip çykýan wezipeler we kabul edilen çözgütler ähli raýatlarymyz bilen birlikde bagtyýar türkmen ýaşlaryny hem diýseň buýsandyrdy. Bu taryhy Mejlisde ýurdumyzy durmuş ykdysady taýdan özgertmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen garalan meseleleriň hatarynda Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňümizde durýan wezipeler dogrusynda hem gymmatly öwütler edildi.

     Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinden gelip çykýan wezipeleri we onda garalan meseleleri ýaşlara wagyz etmek hem-de Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňümizde durýan wezipeleri maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda «Halk Maslahatynyň netijeleri: ýaşlar bilen aýdyň geljege tarap» ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.

     Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen bu çärä şäheriň çäginde hereket edýän bilim ojaklarynda bilim alýan bagtyýar talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyşlara giň orun berlip, onda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde Türkmenistanyň Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňümizde goýan wezipeleri, şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanynyň artdyrylmagy, saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirilmegi, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünäriniň ýokarlandyrylmagy, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulynyň döredilmegi, ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň, şöhratly taryhymyzyň täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenilmegi hem-de ylmy taýdan beýan edilmegi, Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-bilim merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, şäherde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologik, binagärlik ýadygärliklerini, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-barlag merkeziniň döredilmegi babatdaky öňde goýan möhüm wezipeleri dogrusynda degişli hünärmenleriň, bagtyýar ýaşlaryň çykyşlary diňlenildi. Şeýle hem ýaşlary bu işlere işjeň çekmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 105 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 138 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY