Ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.
Golaýda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan» ugur alnyp, Sakarçäge etrabynyň 35-nji orta mekdebinde «Ylym – bagtyň çyragy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Ylmy-gözleg işlerine höwesli, ukyply mekdep okuwçylaryny ylmy işlere ugrukdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi hem-de etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen çärä okuwçy ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşykda ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän giň gerimli çäreler dogrusynda çykyşlar edildi. Çärede ata Watanymyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesine laýyk gelýändigi, türkmen ýaşlarynyň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri dogrusynda buýsançly söhbetler edildi. Şeýle-de, häzirki wagtda täzeçe pikirlenýän ýaş nesliň kemala gelmeginde bilim ulgamynyň tutýan orny babatda hem aýratyn nygtaldy.
Çäräniň dowamynda okuwçylar döwlet derejesinde geçirilen bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolan taslama işlerini hem görkezdiler. Ýaşlaryň döreden işleri olaryň ylym-bilime aýratyn höwesiniň bardygynyň we bu ugurda has-da kämilleşýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ylmy-gözleg işlerine höwesli, ukyply mekdep okuwçylaryny ylmy işlere ugrukdyrmak nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedir.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Owadan ATDAÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.