TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY BELLENILÝÄR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän baýramçylyk çärelerimiz şatlyk-şowhuna beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenilýär.

     Baýramçylyk mynasybetli ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň gurnamagynda, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Balkan welaýat merkezinde söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

     Söhbetdeşlikde batyrlyk, wepalylyk ýaly häsiýetleri özünde jemleýän Türkmen alabaýy barada gyzykly gürrüňler edildi. Ony gorap saklamagyň, geljek nesillerimize ýetirmegiň borjumyzdygy nygtaldy. Şeýle hem çykyşlarda milli gymmatlyklarymyzyň dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.

 

Rejepmämmet GAÝYPOW,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 28 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

18 Noýabr 2024 | 26 okalan

HÖWESJEŇLER BÄSLEŞDILER