WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň 43-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Dünýä mirasynda nepis sungatym, barha artýar millilige hormatym» diýen şygar bilen geçirilen duşuşyga şol mekdebiň ýokary synp okuwçy gyzlary we mugallymlary gatnaşdylar.

     Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, olar üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda çykyşlar edildi. Gahryman Arkadagymyzyň zehininden syzylyp çykan «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynyň gelin-gyzlarymyza ýol-ýörelge şamçyragdygy baradaky täsirli gürrüňler bolsa, çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Duşuşygyň dowamynda ene-mamalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimizi hem-de däp-dessurlarymyzy giňişleýin beýan edýän tymsallar, çäräniň täsirligini has-da artdyrdy.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar zenanlaryň sarpasyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

 

Şarifa AZAMOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 0 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 24 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 28 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR