SPORT — SAGDYNLYGA WE RUHUBELENTLIGE ÝÖNELIŞ

     Gahryman Arkadagymyzyň beýik taglymatlary we hormatly Prezidentimiziň döwlet ähmiýetli işleri netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe, sagaldyş we sport hereketleri «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen şygary ýörelge edinýän mähriban watandaşlarymyzyň durmuşyna ykjam ornaşdy. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda ýokary derejeli milli sporty ösdürmek, sagdynlyk hereketlerini ündemek maksady bilen geçirilýän dürli çärelere, köpçülikleýin işlere ildeşlerimiz, esasan hem ýaşlar uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşýarlar. Ähli bilim we terbiýeçilik edaralarynyň, sagaldyş we sport toplumlarynyň dünýäniň iň kämil sport enjamlary bilen üpjün edilmegi bolsa berk bedenli, ruhubelent, sagdyn ruhly, başarjaň ýaşlaryň kemala gelmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Bular dogrusynda şu günler welaýatymyzyň sport mekdeplerinde geçirilýän maslahatlarda, sport çärelerinde täsirli çykyşlar diňlenilýär.

     «Sport — sagdynlyga we ruhubelentlige ýöneliş» diýen at bilen guralýan şeýle maslahatlardyr duşuşyklara bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, tälimçiler we lukmanlar gatnaşýarlar. Tälimçiler ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmäge, köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmaga gönükdirilen mümkinçilikleriň ýylsaýyn artýandygy dogrusynda nygtaýarlar. Şeýle hem sport ulgamynda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamakda, ýaşlaryň sport ussatlyklaryny ýüze çykarmakda alnyp barylýan işleriň we çäreleriň ähmiýetine aýratyn üns çekilýär. Şeýle hem şu günler Türkmenabat şäherindäki sport mekdeplerde tälim alýan türgenleriň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça özara sport ýaryşlarydyr bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Bu ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýän ýaşlara TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşurylýar.

Laçyn AKYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

20 Noýabr 2024 | 2 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK