«TÜRKMEN KEŞDESI – MILLI BAÝLYGYMYZ» BÄSLEŞIGINIŇ NETIJELERI

     Aşgabadyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar bileleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň sekretariatynyň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň guran «Türkmen keşdesi – milli baýlygymyz» bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Bäsleşik üç esasy tapgyrdan ybarat bolup, birinji tapgyrda oňa gatnaşyjylar milli keşdeçilik sungatynyň ösmegine goşantlaryny paýlaşdylar. Soňra keşde gaýamak ussatlygyny görkezdiler. Jemleýji tapgyrda gadymy sungaty şygyrlarda we gyzykly rowaýatlarda wasp edip, taýýar işleri bilen çeper döredijilikli tanyşdyrdylar.

     Diňe çeper elli zenanlarynyň bäsleşigine tomaşa etmek bilen çäklenmän, eýsem, göwne ýaran keşdeçini saýlamaga işjeň gatnaşyp bolýardy, çünki bäsleşigiň ýeňijileri SMS bilen ses bermek arkaly kesgitlenildi.

     SMS sesleriniň köpüsini alan Mary welaýatynyň keşdeçileri bäsleşikde ýeňiş gazandylar. Daşoguz welaýatynyň wekilleri olardan biraz az utuk toplap, ikinji orny eýelediler, Lebap welaýatynyň çeper elli zenanlary üçünji orny eýelediler. Ýeňijilere gymmatly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

     ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen keşdesi sungaty türkmen halkynyň baý medeniýetini we däp-dessurlaryny görkezýär. Amaly-haşam sungatynyň bu ugrunyň ussatlyk syrlary nesilden-nesle geçýär.

Zenanlaryň köpüsi çagalykdan keşde gaýamak bilen onuň dowamat-dowamlylygyna ýardam edýärler. Zehinli keşdeçileri goldamak üçin sergiler we ýaryşlar yzygiderli geçirilýär, çeper elli zenanlar olara gatnaşyp, öz başarnyk-ussatlygyny görkezip bilerler.

 

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar