BELARUS BILEN TÜRKMENISTAN ÝUNESKO UGRY BOÝUNÇA IŞ TEJRIBESINI ALYŞÝARLAR

    Belarus bilen Türkmenistan ÝUNESKO ugry boýunça has ýakyndan işleşer. ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary wekiliýeti meýilnamalary durmuşa geçirmek we halkara taslamalaryna gatnaşmak boýunça tejribesini paýlaşmak üçin Minskä sapar bilen bardy, şeýle hem Belarus kärdeşleriniň işleri bilen tanyşdy.

     Oňat tejribeleri öwrenmegiň çäginde 21-nji oktýabrda Minskiniň 161-nji orta mekdebinde ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Belarus Respublikasynyň Milli topary çäre geçirildi. Bu mekdep, özara gatnaşyklar meselesinde uly söhbetdeşlik geçirmek üçin tötänleýin saýlanan däldir. GIM (Gyzykly işleriň merkezi) guramasynyň kluby şu ýerde ýerleşýär.

     Umuman aýdanymyzda, bilim, ylym we medeniýet pudagyndaky tejribe barada aýtsak, 53 klub, 6 kafedra we 18 sany ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleri Belarusda üstünlikli işleýär, ýagny bular çagalaryň we ýaşlaryň guramanyň işine gatnaşmagy üçin möhüm ugurdyr.

      “Tegelek stoluň” başyna türkmen wekiliýetiniň agzalary we Türkmenistanyň Belarusdaky Ilçisi Nazarguly Şagulýew, ÝUNESKO kafedralarynyň wekilleri we Belarus Respublikasynyň Bilim ministrliginiň jogapkär hünärmenleri gatnaşdylar.

     Hyzmatdaşlyk üçin anyk teklipler eýýäm edildi. Meýilnamalar – bilelikdäki ýaşlar taslamalaryny, şeýle hem maddy däl medeni miras ugrundaky maksatnamalary öz içine alýar.

 

orient.tm

Meňzeş habarlar