AHALTEKE BEDEWLERI – MILLI BUÝSANJYMYZ

     Bäş müň ýyllyk şanly taryhy bolan türkmen halkynyň dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary bar. Olaryň arasynda türkmen bedewleriniň aýratyn orny bar. Biziň eýýamymyzdan öň V asyrda ýaşap geçen gadymy grek taryhçysy Gerodot bedewlerimizi şeýle taryplapdyr: «Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar». «Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu bedewler kuwwatly şalara mynasyp. Olar tüňburun buýsançly başlaryny belent tutýar we olaryň ýallary howada owsun atýar».

     Taryhyň şöhratly sahypalarynda öçmejek yz goýan Türkmen hökümdarlarynyň hem bu ajaýyp bedewlere goýan hormatyny bellemek gerek. Biziň eýýamymyzdan öňki 247-nji ýylda dörän Türkmenleriň Beýik Parfiýa şalygynda hem ahalteke bedewleriniň sarpasy belentde tutulypdyr.

     Gahryman Arkadagymyzyň: “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew”, “Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” ýaly eserlerinde ahalteke bedewleri barada gymmatly maglumatlar berilýär.

     Arassa ganly ahalteke bedewleriniň ilkinji tohumçylyk kitaby 1898-nji ýylda peýda bolupdyr, ony düzmäge türkmen atçşynaslary hemaýat edipdir. Atlaryň baş sanynyň ilkinji zootehniki barlagy 1927-nji ýylda Ýer baradaky halk komissariatynyň meşhur zootehnigi K.Gorelowyň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan geçirilipdir. Soňky barlaglaryň we takyklamalaryň esasynda atlaryň Merkezi Aziýa tohumlarynyň ilkinji Döwlet tohumçylyk kitaby 1941-nji ýylda çapdan çykýar. Oňa ahalteke bedewlerinden gelip çykan 287 sany aýgyr we 468 sany baýtal baradaky maglumatlar girizilen.

     Dünýä belli wenger syýahatçysy Armeni Wamberi 1863-nji ýylda Türkmenistanda bolanynda ajaýyp ahalteke bedewleri, olaryň owadanlygy hem-de atlaryň ýerli ilat üçin ähmiýeti hakynda ýazypdyr. Rus alymy O.Tumarowiç “At türkmen maşgalasynyň bir agzasy hasaplanylýar. Atyň türkmen durmuşynda tutýan orny uludyr. Türkmen öz atyna yhlas bilen garaýar we öz islegine, başarnygyna görä, kämil at esbaplary bilen bezeýär” diýip ahalteke bedewleriniň türkmen maşgalasyndaky tutýan ornuny wasp edipdir. Türkmen ahalteke bedewleri barada türkmen nusgawy şahyrlarynyň döredijiliginde hem bellenilip geçilýär. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragynyň “ Meýdan ýoluksa” “At ýanynda bellidir” ýaly şygyrlarynda bedew atyň tarypy kemsiz ýetirilýär.

     Serkerde şahyr adyny alan Seýitnazar Seýdi hem ahalteke bedewlerine bagyşlanan “Üsti bedewiň” atly ajaýyp şygrynda bedew atyň tarypyny ýetiripdir.

     Häzirki wagtda atçylyk bilen meşgullanýan seýislere, çapyksuwarlara hem aýratyn sarpa goýulýar. Muňa mysal hökmünde “Türkmenistan at gazanan ussat halypa çapyksuwary” we “Türkmenistanyň at gazanan ussat halypa seýisi” ýaly hormatly atlaryň atçylyk sungatyna ömrüni bagyş eden çapyksuwarlardyr, seýislere dakylýandygyny aýtmak bolar.

     Halkymyzyň milli atçylyk sungatyny dünýä ýaýmak maksady bilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň, şeýle hem “Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň” döredilmegi, merdana pederlerimiziň miras goýan meşhur ahalteke bedewlerine goýulýan sarpany alamatlandyrýar.

 

Eziz ŞIHIÝEW,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň

Institutynyň uly mugallymy, polisiýanyň kapitany.

Indiki makala

ALABAÝ

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY