Halkymyzyň dünýä mirasynyň genji-hazynasyna goşan gymmatlyklary barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Şolaryň biri-de, türkmen alabaý itleridir. Çünki türkmen alabaýy eýesine wepalylygy, gaýduwsyzlygy, batyrlygy, dogumlylygy bilen tapawutlanýan buýsanjymyzdyr. Ata-babalarymyz olaryň bu häsiýetlerini has kämilleşdiripdir. Şeýle hem olary diýseň eý görüpdirler we iň ýakyn dosty hasaplapdyrlar.
Irki döwürlerde halkymyz öý-ojagynyň, mal-mülküniň goraglylygyny alabaýyna ynanyp, islän ýerlerine gidipdirler. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» eserinde şeýle bellenýär: «Ata-babalarymyz uzak bir ýere gidenlerinde gapylaryna gulp urmandyrlar, çünki olaryň wepaly alabaýlary – goragçylary bolupdyr».
Türkmen alabaýynyň ýetişdirilişi, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada il içinde rowaýata öwrülen gürrüňler bar. Alabaýlaryň gylyk-häsiýetleri babatdaky şeýle gürrüňler milli miras hem-de gymmatlyk derejesine ýetirilen bu itleriň iň gadymy tohumlaryň biridigini görkezýär. Türkmen alabaýlary duýgurlygy, eserdeňligi we hüşgärligi bilen tapawutlanýar. Hat-da ukynyň iň süýji mahallary hem, olar sähel hereketi, nätanyş ysy duýup bilýärler.
Halkymyzyň göz-guwanjyna, wepaly ýoldaşyna öwrülen türkmen alabaýlary barada meşhur itşynaslar: «Alabaý eýesine wepalylygyň nusgasyny görkezýär» diýen sözleri buýsanç bilen gaýtalaýarlar. Çünki eýesine çakdanaşa wepalylyk, duýgurlyk, hüşgärlik, akyllylyk, hoşgylawlyk, düşbülik türkmen alabaýynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Ýolda wepaly ýoldaş, mal bakaňda ýakyn kömekçi, öýüňde sak goragçy – bular türkmen alabaýlaryna mahsus häsiýetlerdir.
Häzirki wagtda alabaý itleriniň abraýynyň artdyrylmagy babatda döwlet derejesinde tagallalar edilýär. Bu ugurda türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilmegi uly mana eýedir. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen alabaýynyň baýramynyň uludan bellenilmegi hem, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Munuň özi, halkymyzyň wepaly ýoldaşy bolan alabaýlara aýratyn sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.