ÝAŞLAR SYÝASATY – BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BADALGASY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet barada guramasynyň (ÝUNESKO) Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilen Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli, “Ýaşlar syýasaty – beýik ösüşleriň badalgasy” atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde, üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ondan gelip çykýan wezipeler we maksatlar, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň giň many-mazmuny, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan netijeli işleri barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Duşuşyga gatnaşanlar ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Jennet GULMYRADOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar