Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň örän oýlanyşykly daşary syýasat ugry oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanmak arkaly işjeň durmuşa geçirilýär. Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmekde oňyn tejribe gazanan Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň kuwwaty bu günki günde barha artýar. Hoşniýetli goňşuçylyk, ählumumy parahatçylyk, dostluk-doganlyk, birek-birege raýdaşlyk özara bähbitli hyzmatdaşlyk we oňyn bitaraplyk ýörelgeleri türkmen diplomatiýasynyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugrunyň esaslaryny düzýär. Şunlukda, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky orny barha pugtalanýar. Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýy barha artýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty dost-doganlyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine gönükdirilendir. Ähli pudaklar bilen deň hatarda, ylym-bilim pudagyna hem has-da üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň her bir amala aşyrýan işleri ylmy taýdan esaslandyrmagyň zerurlygy baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, ylym-bilim işgärleri hünär kämilligini ýokarlandyrmak, ylmy barlaglary alyp barmak hem-de daşary döwletlerde bu ugurda tejribesini artdyrmak maksady bilen, yzygiderli häsiýetde okuw-iş saparlaryna gatnaşmagyny ýola goýmak ýaly asylly işler durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ösüşleriň we özgerişleriň ýurduna öwrüldi. Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösüşleriniň berk binýady bolup hyzmat edýän milli bilim ulgamyny yzygiderlikli kämilleşdirmek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän il bähbitli, ýurt ähmiýetli syýasatynyň özeni bolup durýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” atly kitabynda: “Meniň baş maksadym dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny size elýeterli etmekden ybaratdyr" diýip belleýşi ýaly, bilim ulgamy yzygiderli kämilleşýär, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we usulyýet binýady pugtalanýar, öňdebaryjy tehnologiýalar, häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen baýlaşdyrylýar.
Biz — ýaşlar giň mümkinçilikleriň gurşawynda bagtyýar ýaşaýandygymyza çäksiz buýsanýarys. Döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni gurşawyna işjeň goşulyşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töwereginde jebisleşip, Watanymyzyň kuwwatly ösmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly okap, bilimimizi artdyryp, zähmet çekeris.
Biz — ýaşlar üçin uly aladalary edýän, ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hemişe janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw edýäris! Goý, hemişe biziň ata Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty bütin äleme nur çaýsyn!
Mährijemal TOÝMÄDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.