Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy – milli mirasymyz we buýsanjymyz» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Türkmen alabaý itleriniň tohumlaryny saklamakda uly işleri durmuşa geçirýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wekiliniň, jemgyýetçilik gurmalarynyň wekilleriniň, mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen çärede birnäçe çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda, milli itşynaslygy ösdürmekde hem-de kämilleşdirmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mümkinçilikleriň döredilýändigi, häzirki wagtda alabaýyň dünýäde iň meşhur tohumlaryň biridigi dogrusynda buýsanç bilen bellenildi. Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny belende galdyrmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Mähriban ŞYHMYRADOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.