TALYPLAR BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen şanly ýylymyzda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen, ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn sahypany döreden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan çözgütleri, döwletli kararlary halkyň arasynda wagyz etmek, ýaşlara ýetirmek maksady bilen Kerki etrap häkimliginiň tehniki hünär okuw mekdebinde okaýan talyplaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdik. «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym» diýen at bilen geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygynda edilen çykyşlarda ýurdumyzda ata-babalarymyzyň döwletlilik, agzybirlik ýörelgeleriniň yzygiderli dowam etdirilýändigi, jemgyýetimizde millilik taglymatlaryna gyşarnyksyz eýerilýändigi aýratyn nygtaldy. Talyp ýaşlar bagtyýar watandaşlarymyzyň röwşen ertirlerini berkarar etmegiň hatyrasyna durmuşa geçirilýän beýik işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle-de, çykyşlarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýurdy bolan eziz Diýarymyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýýan dostlukly gatnaşyklary barada buýsançly gürrüňler edildi.

 

Oýdin AŞIROWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 28 okalan

HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK DÄPLERINE EÝERIP

22 Noýabr 2024 | 25 okalan

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

20 Noýabr 2024 | 5956 okalan

MERDANA OGLANLAR BÄSLEŞDILER