Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçirilen dabaraly maslahat türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlandy. Oňa syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, bilim işgärleri, hususy itşynaslar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
«Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy» diýen at bilen geçirilen maslahatda çykyş edenler maşgala ojagynyň goragçysy, edermenligiň we wepadarlygyň nusgasy hasaplanýan gaýduwsyz türkmen alabaýlaryny idetmek, olaryň arassa ganlylygyny saklap galmak, sanyny köpeltmek ugrunda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler barada täsirli gürrüňleri etdiler. Dünýä meşhur türkmen alabaýlaryny köpeltmekde, olaryň sagdynlygyny gazanmakda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan ýola goýulýan göwnejaý işler barada hem buýsançly çykyşlar diňlenildi. Hususy itşynaslarynyň alabaý itleriniň türkmen tebigatyna mahsus häsiýetleri, düşbüligi, edermenligi, hüşgärli, gaýduwsyzlygy, wepalylygy dogrusyndaky gyzykly gürrüňleri maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.
Bagtyýar ildeşlerimiz türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny içgin öwrenmek we dünýä ýaýmak, türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatynda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Akmyrat NIKOLAÝEW,
TMÝG-nyň Lebap welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.