Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde ýoga uly gyzyklanma bildirilýär. Aslynda ýoga Hindistanda dörän ruhy we beden sagdynlygyny üpjün etmegiň gadymy tejribesidir. Ol adam bilen tutuş barlygyň bitewiligini duýmaga, öz şahsyýetiňi kemala getirmäge, saglygyňy dikeltmäge ýardam berýär.
Ýoga öz bedeniňe islegleriň erk etmegi diýmekdir. Onda bedeni berkitmäge we rahatlandyrmaga, fiziki sazlaşygy gazanmaga gönükdirilen maşklar toplumy jemlenendir. Ýoga çydap bolmaýan zady nädip bejermelidigini we bejerip bolmaýan zatlara nädip çydam etmelidigini öwredýär. Mundan başga-da, onuň peýdalary sanardan kän. Ol oňurga we boýun agyrylaryny köşeşdirmäge, agramy kadaly ýagdaýa getirmäge, keýpiňi gowulaşdyrmaga, degna damarlaryňy gowşatmaga, bedeniň çydamlylygyny we kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmaga, ukyny kadalaşdyrmaga ýardam edýär. Ýoga bilen meşgullanýan adam bagt we rahatlyk duýgusyny başdan geçirýär.
Ýoganyň taryhy gadymy döwürlere degişlidir. Hindi siwilizasiýasynyň miladydan öňki 3300 – 1700-nji ýyllaryna degişli arheologik tapyndylarynda ýoga hereketlerine çalymdaş şekiller öz beýanyny tapypdyr. Şeýle-de, ýogany Harrapan siwilizasiýana mahsus däp-dessurlar bilen hem baglanyşdyrýarlar.
Ýoga ylym bilen meşgullanýan adamlara has zerurdyr. Ol gözleg, synag, ýalňyşlyk we gözegçilik arkaly kem-kemden kämilleşmäge, ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Ýoga gadymy durmuş sungatyny, öz-özüňi kämilleşdirmek ylmyny, daş-töweregiňe asuda garaýyş pelsepesini alamatlandyrýar.
Sülgün PIRIÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.