Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda ýangyn howpsuzlyk we jemgyýetçilik tertibini düşündirmek boýunça «Otdan ägä boluň» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlygynyň, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň hem-de jemgyýetçilik gurmalarynyň wekilleri çykyş etdiler.
Çykyşlarda häzirki wagtda güýz paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň sowamagy bilen bagly öýlerde, iş we okuw ýerlerde elektrik enjamlarynyň, gazlaryň we başgada otdan tutaşyp biläýjek zatlardan seresap bolmaklaryny, ot söndüriji enjamlary dogry peýdalanyp bilmeklerini nygtap geçdiler. Soňra çäräniň dowamynda gatnaşan talyplar çykyş eden myhmanlara özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy eşretli günlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny hem-de alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Oguljahan TÖRÄÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.