«Akylly şäher: dünýä tejribesi we nukdaýnazar» rubrikasy
Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu şäherde gezelenç edýän adam özüni kardio maşklaryny ýerine ýetirýän ýaly duýýar. Şäher tutuşlygyna basgançaklardan we eskalatorlardan doly. Şäheriň tebigatyna ser salsak, gadymdan bäri saklanyp gelýän taryhy ymaratlaryň ýüzlerçesi, emeli kölleriň, derýa jülgeleriniň onlarçasy ýaşyl tebigat bilen ajaýyp sazlaşygy döredýär. Şäheriň eteklerinde dub tokaýlyklary, obalarynda bolsa, üzümçilik meýdanlary ýüzlerçe kilometrlere uzalyp gidýär.
Bilşiňiz ýaly, Olimpiýa sportunyň merkezi Lozannada ýerleşýär. Şonuň üçin dünýäniň sport arhiwindäki ähli seýrek duş gelýän zatlar we resminamalar muzeý eksponatlary hökmünde bu ýerdäki Olimpiýa muzeýinde saklanylýar. Dünýädäki esasy sport muzeýiniň ýygyndysyna 75 müňden gowrak eksponatlar, müňlerçe suratlar we dünýä sportunyň şöhratly ýyl ýazgylaryny ýatladýan wideoýazgylar girýär. Bu künjege her ýyl sport muşdaklarynyň müňlerçesi we jahankeşdeleriň millionlarçasy gelýär. Sport muzeýleri, galereýalar we sporty şöhratlandyrýan seýilgäh ýaly birnäçe gözel künjekler dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär.
Lozannada sanly geljek şöhlelenýär. Şäheri dolandyryjylar sanly taslamalaryň onlarçasyny amala aşyrdylar. Hususan-da, akylly duralgalar, akylly ýolyşyk, akylly yşyklandyryş ýaly taslamalara aýratyn ähmiýet berilýär. Howanyň hapalanyş derejesini ölçeýän duýgur ekranlar ulgamy hem döredilendir we bu enjamlar howanyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge ýardam berýär. Çyrany çalyşmak taslamasy 2016-njy ýylda başlandy we energiýa çykdajylarynyň 60 %-den gowrak arzanlamagyna getirdi.
Akylly şäher düşünjesini durmuşa geçirmekde Lozanna ekologiýa taýdan arassa ulag usullaryny ösdürmäge ünsi jemleýär. Şäherde 130-dan gowrak welosiped kärende nokady bar. Welosipedler üçin aýratyn duralgalary ähli ýerlerde görmek mümkin. Bu duralgalarda welosipedleriň howpsuzlygy doly kepillendirilýär. Şeýle hem, bu ýerde welosipedleriň dürli gurluş gurallary üçin hyzmatlardan, tok bermek üçin elektrotehniki hyzmatlardan hem giň gerimde peýdalanylýar.
Bilermenleriň bellemegine görä, akylly şäherler «şäherleşmek» syýasatynyň durmuşa geçirilişiniň aýratyn ugry bolup, munda ähli oňaýlyklaryň özeninde sanly tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň hyzmatyna daýanylýar. Esasan-da, ýaşyl tebigaty döretmek, ekologiýa abadançylygynda tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanmak, ylmy ulgamda innowasion klaster önümçiliklerini döretmäge köpräk üns bermek, aragatnaşyk hyzmatlarynyň örän ýokary tizlikde işlemegini üpjün etmek, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş, saglygyny berkitmek hem-de bilim almak şertlerinde innowasion gurşawy döretmek, ýol-ulag, transport akymlarynyň hereketlerinde dartgynlyklaryň ähtimalllyklaryny ýokary derejede azaltmak, senagat kärhanalarynyň ekologiýa täsirini innowasion esasda düýpli azaltmak, şunuň ýaly akylly mümkinçilikleri döretmek üçin öňe sürülýän maýa goýumlary höweslendirmek – bularyň hemmesi akylly şäherleriň öňünde durýan umumy innowasion strategiýalardyr. Şeýle innowasion strategiýalara beýleki şäherler ýaly Lozanna şäherinde hem aýratyn üns berilýär.
TAÝÝARLAN: Altyn HOJAMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.