Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde: «Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin» diýip beren tabşyrygyndan ugur alyp, şäheriň çäginde hereket edýän edara-kärhanalarda ýokary, orta hem-de orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň, zähmetkeşleriň gatnaşmagynda maslahat duşuşyklary geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýakynda TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde gurnamagynda, şol institutda bilim alýan talyplaryň, zähmet çekýän ýaşlaryň hem-de mugallymlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Maslahatda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny mynasyp durmuşa geçirmek, bilim ulgamyny ösdürmek, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmak babatda çykyşlar edildi hem-de teklipler öwrenildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan ýaşlar döredilýän şertler mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulbahar AÝAZOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň kätibi.