ÝAŞLAR – ÝURDUŇ RÖWŞEN GELJEGI

     Adamyň ömri we jemgyýetçilik durmuşy esasan şu hadysalar bilen baglydyr. Onuň birinjisi ynsanyň tebigy ösüşi, kämil şahsyýetiň kemala gelmegidir. Ikinjisi, tebigatyň maddy we ruhy nygmatlaryndan adamyň peýdalanmagy, ýagny adam-tebigat sazlaşygydyr. Üçünjisi bolsa, ynsanyň zähmetidir, çünki akyl ýa-da fiziki zähmeti, iş alyp barmak ussatlygy bilen adam özüni jemgyýetde tanadýar. Kämil şahsyýetleri kemala getirmekde bolsa, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, ýaş nesle berilýän aladanyň wajyp ähmiýeti öz-özünden bellidir.

     Ýurdumyzda ýaşlar hakyndaky aladalaryň dabaralanýan zamanasydyr. Bagtdan paýly ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi, döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çünki, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ruhy-ahlak taýdan kämil, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşleriniň kepili bolup durýar.

      “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň hem-de ýörite Meýilnamanyň tassyklanylmagy, ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna doly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete bolan söýgini terbiýelemäge itergi berýär. Türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän halkara zehin we sport bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, mynasyp orunlary eýelemegi, ýaş hünärmenleriň ylymda aýratyn tapawutlanmagy, döredijilikli gözlegleri, ylmy-barlaglary geçirip, ylmyň derwaýys meselelerine çuňňur düşünmegi alym Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky tagallalarynyň datly miweleri bolup durýar.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, Watana, il-halka wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunymyzy aýdýarys.

 

Guwanç KAKAJANOW,

Magtymguly adyndaky türkmen döwlet

uniwersitetiniň talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

20 Noýabr 2024 | 2 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK