BITARAPLYK – HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM UGRY

     Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlarynyň ýokary derejede wajyplygyny kesgitleýän esasy ölçeg, olaryň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagydyr. Tutuş adamzadyň ösüş maksatlarynyň umumylygyna düşünmek, häzirkizaman wehimlere we howplara bilelikde garşy durmagyň zerurlygyna göz ýetirmek, şu ugur boýunça anyk ädimleri ätmäge taýýar bolmak, halkara gatnaşygyň ähli ulgamynyň durnuklylygynyň esasy şerti bolup durýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly ýörite Rezolýusiýany kabul etmegi bilen, BMG-nyň agza döwletleri Türkmenistany hemişelik bitarap döwlet hökmünde ykrar edýär. BMG-nyň Türkmenistan boýunça ýörite kararnamasyny kabul etmegi bilen, döwletiň bitaraplyk derejesini ykrar etmegiň we onuň kepillendirmelerini üpjün etmegiň dünýä tejribesindäki täze görnüşiniň peýda bolandygyny aňladýar. Biragyzdan kabul edilen Rezolýusiýada Milletler Bileleşigi “Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar edýär we goldaýar” diýlip aýdylýar. Häzirki günde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde durnuklylygy üpjün etmekde, geosyýasy we geoykdysady giňişligi döretmekde milli bähbitlere salgylanmak we oňa eýermek esasynda ýurtlaryň arasynda ýokary derejede gepleşikleri ýola goýmakda möhüm faktor hökmünde çykyş edýär.

     Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan içeri we daşary syýasaty türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň belent derejelere galýandygyny görkezýär we döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk baş ugrunyň halkara gatnaşyklaryndaky möhüm ähmiýetini aýdyň görkezýär.  Türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň baş ugry bolan bitaraplyk syýasaty üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlary bolan parahatçylyga, ykdysady gülläp ösüşe tarap gönükdirilendir. Ilkinji nobatda, halkara meseleleri çözmäge hil taýdan täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlaýar we daşary syýasat başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça tapgyrma-tapgyr çäreleri amala aşyrýar hem-de bu işi üstünlikli dowam etdirýär. Munuň özi, ozaly bilen, sebitiň ýurtlarynyň, iri halkara guramalarynyň, şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň uly hormatyna mynasyp bolan Türkmenistanyň dünýäde abraýynyň örän ýokarydygynyň subutnamasydyr. BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň döredilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli we konstruktiw hyzmatdaşlygyň tebigy dowamydyr. Şunuň bilen birlikde-de, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlary üýtgewsiz galýar we ol parahatçylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna gönükdirilendir.

 

Tyllagözel BABAÝEWA,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk

mekdebiniň talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

20 Noýabr 2024 | 2 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK