Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda Gyzylarbat etrabyndaky «Dana» bilim merkezinde bilim alýan okuwçylaryň gatnaşmagynda ýaşlaryň aň-düşünjesini ösdürmek we daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwes döretmek maksady bilen, «Dil akylyň açary» ady bilen rus dili boýunça bäsleşik geçirildi.
Bu bäsleşik ýaş zehinlerimiziň daşary ýurt dillerine bolan bilim derejelerini ýokarlandyrmakdan ugur alyp, olaryň ussat dilçi hünärmenler bolup ýetişip, ata Watanymyzyň ösüşine goşant goşmaklaryna höwes döretmek maksady bilen gurnaldy. Bäsleşigiň dowamynda, okuwçy ýaşlar rus dilinde düzme ýazmak hem-de rus dilinde söhbetdeşlik arkaly bäsleşdiler.
Bäsleşikde Seýitbekowa Gözel 1-nji orna, Artykmämmedowa Tylla 2-nji orna we Şadurdyýewa Aýperi 3-nji orna eýe boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy we bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Nury NURYÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Gyzylarbat etrap Geňeşiniň başlygy.