Biziň ýaşlarymyza görelde almaga nusga bar: Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran gaýduwsyz ata-babalarymyz baradaky şöhrat halkyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem Watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezdi. Watançy esger, ilhalar ynsan, mugallym Berdimuhamet aganyň ömür ýoly bu gün türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň hem-de borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Beýik Ýeňiş indi 72 ýyl bäri ýaş nesiller bilen frontçy, söweşiji we tylyň zähmetkeşleri bolan nesilleriň arasyndaky bölünmez halka bolup hyzmat edýär. Türkmenistanda uruş weteranlary, mähriban topragyň gaýduwsyz goragçylaryna hormat goýýan türkmen halkynyň gadymy asylly däplerine laýyklykda, döwletiň aýratyn ünsi we aladasy bilen gurşalyp alnandyr. Her ýylda hormatly Prezidentimiziň adyndan uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul sowgatlarynyň we gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy hem asylly däbe öwrüldi.
Uruş we zähmet weteranlary Watana ýürekden hyzmat etmegiň göreldesini görkezip, ýurdumyzda geçirilýän beýik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly goşant goşýarlar. Hormatly ýaşulular, eneler halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, däp-dessurlarymyzy wagyz-nesihat etmekde köp işleri bitirýärler.
Biziň watandaşlarymyz diňe frontda däl, eýsem tylda hem deňsiz-taýsyz edermenligiň belent nusgasyny görkezdiler. Olar gije-gündiz zähmet çekdiler, tylda Ýeňşe goşant goşup, watançylygyň we ynsanperwerligiň nusgasyny görkezdiler.
Şol döwürden bäri köp ýyllar geçse-de, Watan ugrundaky söweşlerde türkmen gerçekleriniň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy hiç wagt unudylmaýar. Olaryň yzynda galan zenanlarymyz we enelerimiz bolsa, öý-ojagyny aman saklap, wepalylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Şoňa görä-de, gaýduwsyzlyk bilen söweşen weteranlarymyz, tutanýerli zähmet çeken enelerimiz häzirki nesillerimiz üçin Watany söýmegiň we ynsanperwerligiň beýik mekdebine öwrüldiler.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda uruşlarda wepat bolan hem-de 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň hatyrasyna «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy guruldy. Onda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan Watan gerçekleriniň hatyrasyna «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärlikleri döredildi.
Bu ýadygärlikler toplumy pederlerimiziň edermenligine, Watan ogullarynyň gaýduwsyzlygyna halkymyzyň belent sarpa goýýandygynyň, öten-geçenlerimiziň ruhuny hatyralamak ýaly asylly däplerimiziň häzirki döwürde hem dowam edýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, halk gahrymanlary baky diridir! Halkymyz eziz Watanymyzy goran Milli gahrymanlaryny hiç wagt unutmaýar, ýurt erkanalygy, ynsan azatlygy üçin janlaryny gurban eden gahrymanlar hakydamyzda baky ýaşaýar.
Ýurdumyzda pähim-paýhaslary jemgyýetiň ahlak diregi bolup hyzmat edýän hormatly ýaşulularymyzyň durmuş tejribesine uly sarpa bilen garalýar. Olar halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakdaky asylly işe uly goşant goşýarlar.
Häzir biziň özygtyýarly Watanymyzda parahatçylyk, abadançylyk rowaçlanýar. Milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. Biziň syýasy we ykdysady üstünliklerimiziň esasynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge durýar. Durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de halkyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde hemişe parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Halkymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin ähli zerur çäreler görülýär. Garaşsyz Watanymyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäde parahatçylygy goramaga uly goşant goşýar.
Hawa, biziň ýaşlarymyza görelde almaga nusga bar — Watanyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran gaýduwsyz ata-babalarymyz baradaky şöhrat halkyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Beýik Watançylyk urşunyň ähli frontlarynda biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlyk, harby borja wepalylygyny, Watana ygrarlylygyny görkezdiler. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň ömür ýoly bu gün türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň hem-de borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesli merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde Arkadag Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary nusgalykdyr. Ynsany erkin, ruhubelent, ynamly ýaşadýan, bagtly edýän, röwşen geljege bolan umydyny artdyrýan we uly üstünliklere ruhlandyrýan güýç Watan söýgüsidir.
“Nesil” gazeti,
09.05.2017ý.