Ýakynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, Lebap welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde yglan eden «Meniň dilim, seniň eliň hünäri nusga bolup galsyn ilden-illere» atly döredijilik bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň: «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşýan, ýokary döredijilik başarnykly, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge öz goşantlaryny goşýan zehinli çagalary sylaglamak maksady bilen geçirilen bu bäsleşige Türkmenabat şäheriniň orta mekdeplerinde bilim alýan, zehinli gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşan gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan milli lybaslaryny aýdym-sazlaryň çeper okaýyşlaryň üsti bilen wasp etmekde, saz gurallarynda saz çalmakda, el işlerini ýerine ýetirmekde özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini görkezdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenabat şäheriniň 14-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gülnäz Açilowa birinji, 32-nji orta mekdebiniň okuwçysy Näzik Atajanowa ikinji, 1-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ýazgül Bäşimowa üçünji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we işjeň gatnaşanlara TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Narif BABAKULYÝEW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher
Geňeşiniň hojalyk işleri boýunça hünärmeni.