Ylham joşguny

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp üstünlikleri ruhubelent ýaşlarda döredijilik ylhamyny has-da hyjuwlandyrýar, ata Watanymyzyň mynasyp ogullarynda hem gyzlarynda döredijilige, sungata bolan söýgini artdyrýar. Ýaşlaryň ylhama eýlenen zehinini ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, “Nesil” gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan geçirilen “Berkarar döwletiň — ylham joşguny” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry uly ruhubelentlige beslendi.

Bu bäsleşigiň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap geçirilmeginiň özüne ýetik buýsançly sebäbi bar. Mähriban topragymyz hemme döwürlerde-de özüniň zehinli ýazyjy-şahyrlary, akyldarlary we alymlary bilen şöhratlanypdyr. Şygryýet äleminiň beýik ussady Magtymguly Pyragynyň dünýä ýaly giň, çeperçilik taýdan kämil hem-de durky bilen watançylyga, ynsanperwerlige eýlenen döredijilik mirasy bolsa bu günki günde umumadamzadyň ruhy-medeni genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine, hakyky zynatyna öwrüldi. Şanly baýramçylyga bagyşlanyp geçirilen döredijilik bäsleşigine gatnaşýan ýaşlar özleriniň joşgunly ylhamyny siňdiren eserleri bilen akyldar şahyryň huzuryna tagzyma gelýärler, eziz topragymyzyň öçmejek ruhy ýörelgeleriniň ýüreklerimizde baky ýaşaýandygyny ykrar edýärler.

Hormatly Prezidentimiz: “Ýaşlarymyzy çeper söz bezeýär, biz hökmany suratda ata-babalarymyzyň öz ruhlaryny siňdiren dilini kämil bilmeli. Sebäbi sözüň medeniýeti adamyň içki medeniýetini kesgitleýär” diýip belleýär. Bu parasatly jümlelerden gözbaş alyp geçirilen “Berkarar döwletiň — ylham joşguny” atly döredijilik bäsleşiginiň baş maksady ajaýyp zamanamyzy taryplamakdan, ýaşlaryň döredijilik ukybyny goldamakdan hem kämilleşdirmekden, gursagy ylhamly ýaş ýigitleri we gyzlary netijeli döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmakdan ybaratdyr. Bu döredijilik bäsleşigine zehinli ýaşlaryň 200-den gowragy gatnaşdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öň ýanynda bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry taýsyz gözel tebigatly, goja daglaryň goýnunda mekan tutan Magtymguly etrabynda geçirildi. Beýik Pyragynyň ylhamly nazaryny özüne siňdiren bu keremli toprak durky bilen sungata hem ylhama eýlenen. Magtymguly muzeýiniň öňündäki owadan meýdançada geçirilen dabaranyň kalby tolgundyryjy pursatlary zehinli ýaşlaryň ýadynda bagtyýarlyk pursatlary bolup, baky orun aldy. Döredijilik bäsleşigine gatnaşanlaryň 37-si şunuň ýaly arzyly hormata eýe boldular. Kalby ylhama teşne ýaşlar bahar gözelliklerine çümüp oturan Parhaý jülgesine aýlanyp gördüler, ajaýyp şaglawuklary synladylar, beýik Pyragynyň ylhamyna joşgun bagyşlan bu täsin mekanyň kerem-keramatyna tagzym etdiler.

Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, “Nesil” gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de tapawutlanan işler bilen bäsleşige gatnaşanlara höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

“Nesil” gazeti,

13.05.2017ý.

Meňzeş habarlar

16 Awgust 2025 | 833 okalan

AWAZA — DOSTLUK WE PARAHATÇYLYK DEŇZI

15 Awgust 2025 | 255 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL