Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, halk döredijiliginiň baý mirasyny öwrenip, ylmy taýdan seljermek we asyl nusgasyny halka ýetirmek, türkmen halkynyň taryhy, medeni mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp barmak öňde duran möhüm wezipeleriň biridir.
Türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp žanrlarynyň biri küştdepdilerdir. Küştdepdi bagtyýarlyk döwrümizde toýlarymyzyň, dabaraly çärelerimiziň bezegine öwrüldi. Küştdepdileriň bentleri mazmun taýdan toý aýdymlaryndan (öleňlerden), monjugatdylardan, lälelerden kän bir tapawutlanmaýar. Emma küştdepdiler depiliş aýratynlygy, hereketleriniň gözelligi, çuňňur duýgyny döredýändigi, has täsirlidigi, köpçülikleýin ýerine ýetirilýändigi bilen parhlydyr. Läleleri, monjugatdylary diňe gelin-gyzlar aýtsalar, küştdepdileri dürli ýaşdaky gelin-gyzlar ýigitler bilen bilelikde ýerine ýetirýär.
Küştdepdi başlanmanka, adamlar döwre gurap durýarlar. Hoş owazly gazalçylaryň biri küştdepdiniň bentlerini pessaý äheň bilen sanap başlaýar. Ýaş ýetginjeklerden iki sanysy orta çykýar-da, ilki haýal (üç depim), soňra gitdigiçe çaltlanýan (bir depim) hereketler bilen bentleriň owazyna aýak goşup, küştdepdiniň tans şekilli hereketini ýerine ýetirýär. Şowhun gyzyşdygyça, bentleri aýdyjynyň sany artýar, köpçülikleýin aýtmaga durulýar. Tansa çykýanlar hem köpelýär. Orta çykýanlar aýaklaryny sazlaşyga goşup, öňküleriň hereketine goşulyp küşt depýärler. Küştdepdi, köpçüligiň düzgün-tertipli hereketine laýyklykda, sazlaşykda ýerine ýetirilýär.
Küştdepdi başlananda, köplenç, “haý, küşt, küşt” diýlen sözler belli bir äheňde birnäçe gezek gaýtalanýar. Bu sözler bentleriň arasynda-da ulanylýar. Küştdepdi-de aýak bilen ýer depilýär, ol belli bir ädimlerden soň gaýtalanyp, sazlaşykly owaz döredýär. Küştdepdiler aýdylanda, adatça, saz gurallaryndan peýdalanylmaýar. Olar äheňleri boýunça şol bir meňzeş hereketde ýerine ýetirilýär. Gazal aýtmaga aýratyn ökde adamlar bolýar. Olar kän pikirlenmän, şahyrana setirleri ýüzugra täze mazmun bilen doldurmaga ýa-da täze bentleri aýtmaga ukyply adamlardyr. Küştdepdileriň örüsi giň. Bentlerde, esasan, Watan, dostluk, söýgi, ýaşlaryň bagtly geljegi beýan edilýär:
Haýrany haýran etjek,
Jahany seýran etjek,
Gerek bolsa Watanma,
Janymy gurban etjek.
Şeýle terbiýeçilik ähmiýetli, baý mazmunly milli edebi mirasymyzyň naýbaşylary hökmünde ýerine ýetirilýän küştdepdiler bu günki günde bagtyýarlyk owazlary bolup, ajaýyp sungat bolup dabaralanýar. Milli baýramlarymyzyň we şanly senelerimiziň bezegi bolan halkymyzyň milli-ruhy däpleri döwrebap öwüşgin bilen baýlaşýar. Milli däp-dessurlarymyzy öwrenmäge, dünýä ýaýmaga we ösdürmäge giň mümkinçilikleri döreden Arkadag Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.
Ysmaýyl MUHAMMETDURDYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
“Nesil” gazeti,
18.05.2017ý.