Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň arasynda dürli bäsleşikler we çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu ugurdaky işler ýaşlaryň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmaga, şeýle-de, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürjek nesilleriň kemala gelmegine giň şertleri açýar. Bu ugurdaky işlere mynasyp goşant goşmak maksady bilen biz hem Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 39-njy orta mekdebinde «Merdana nesil-2024» atly şadyýan bäsleşigiň Köýtendag etrap tapgyryny geçirdik. Oňa etrabyň orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan oglanlar gatnaşdylar.
Bäsleşigiň birinji şertinde oglanlar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylýan üstünlikleri çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Ikinji şertde bolsa, olar ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde bäsdeşler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirip öz ukyplaryny açyp görkezdiler. Bäsleşige gatnaşan oglanlar tomaşaçylara öz çykyşlary bilen ruhubelentlik paýladylar.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça etrabyň 2-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Döwletgeldi Begnazarow birinji, 4-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Emil Allanazarow ikinji, 29-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Malik Ahmedow üçünji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.
Munira ÇARYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap
Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.